ÝHHG maslahaty
158BILIM ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY BERKIDIP
2026-njy ýylyň 5-8-nji maýy aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň gurnamagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlarynyň şeýle-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet maliýe institutynda «Sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek» we «Korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek» atly okuw maslahaty geçirilýär.
Okuw maslahatynda Türkmenistanyň milli maksatnamalarynda, konsepsiýalarynda we beýleki resminamalarynda ýurduň uzak möhletleýin strategik ösüşiniň esasy maksady hökmünde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we abadançylygynyň kesgitlenendigi hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ugrunda 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibinde bellenilen wezipeleriň özara utgaşykly durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Şeýle-de sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde, galyndysyz önümçilikleriň ýola goýulmagyny üpjün etmekde ösen döwletleriň tejribeleri, bu babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy barada çykyşlarda nygtaldy.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilermenleriniň bu okuw maslahaty degişli ugurdan bilim alýan talyplar üçin bilim hyzmatdaşlygynda täze bir ädim boldy.