Erasmus Okuw maslahaty
182«Ýokary okuw mekdepler üçin strategiýalar:
Halkara QS we THE reýtinglerde üstünligi we artykmaçlygy gazanmak»
atly okuw maslahaty
2024-nji ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi Özbegistandaky Erasmus+ Milli edarasy we Alişer Nawoýy adyndaky Daşkendiň özbek dili we edebiýaty döwlet uniwersiteti bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň tehniki kömek missiýasynyň çäginde okuw maslahaty geçirildi. Geçirilen okuw maslahatyna Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary Şöhrat Bäşimow we Eziz Beknazarow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
Okuw maslahaty «Ýokary okuw mekdepler üçin strategiýalar: Halkara QS we THE reýtinglarda üstünligi we artykmaçlygy gazanmak» atly tema bagyşlandy. Okuw maslahatynyň esasy maksady – Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hil görkezijilerini halkara ülňülerine laýyk getirmekde amaly goldaw bermekden ybarat.
Bu okuw maslahatyna Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministriniň orunbasary Şohruh Daliýew, Özbegistanda Milli Erazmus + wekilhanasynyň başlygy Aziza Abdurahmanowa, şeýle hem Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministriniň halkara hyzmatdaşlygy we reýting bölüminiň müdiri Diýor Umarow gatnaşdylar we gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Okuw maslahatynyň esasy spikeri we bilermeni professor Ellen Haýzelkorn bolup, ýerli uniwersitetleriň wekillerine halkara uniwersitetleriň reýting konsepsiýalary we olaryň ähmiýeti, şeýle hem ýokary bilim ulgamynyň hil ölçegleri barada giňişleýin çykyş etdi. Amaly tapgyrda professor bar bolan reýting ulgamlary bilen tanyşdyryp (THE, QS we ARWU), olaryň kriteriýalaryny, usulyýetlerini, artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini düşündirdi. Şeýle hem okuw maslahatynda halkara reýtinginde mynasyp orunlary eýelän ýerli uniwersitetleriň wekilleri öz tejribelerini paýlaşdylar.
Bu möhüm çäre, Erazmus + taslamasynyň ýokary bilimi özgertmek boýunça bilermenleriň (HERE) alyp barýan işleriniň çäginde gurnaldy.