ÝAŞ ALYMLAR GEŇEŞI

Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaşlar maslahatynda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzda ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary we jemgyýetde ýaşlaryň eýelän wajyp orny barada giňişleýin belledi hem-de möhüm wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini hem-de ylym we bilim edaralarynda ýaş alymlaryň geňeşlerini döretmek bilen baglanyşykly wezipeleri aýratyn bellemek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe institutynda Ýaş alymlar geňeşi döredildi. Ýaş alymlar geňeşi öz işini 2017-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndaky Alymlar geňeşiniň mejlisinde makullanan we institutyň rektorynyň çykaran buýrugy bilen tassyklanan «Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ýaş alymlarynyň geňeşi hakynda Düzgünnama» laýyklykda amala aşyrýar.

Institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň işiniň maksatlary aşakdakylardan ybarat:

  • ýaş alymlary alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine giňden çekmek;
  • ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň düzüminiň üstüni ýetirip durmak maksady bilen, ýaş mugallymlary aspiranturalara we doktoranturalara hödürlemek;
  • ýaş alymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we olaryň hünär basgançagy boýunça ösmegine ýardam bermek;
  • ýaş alymlary taýýarlamak arkaly milli ylmyň we ýokary bilimiň dowamlylygyny üpjün etmek;
  • hünär işinde ýaş alymlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak bolup durýar.

Institutynyň Ýaş alymlar geňeşi öz maksatlaryna ýetmek üçin şu wezipeleri amala aşyrýar:

  • ylmy-amaly maslahatlary, seminarlary, sergileri, forumlary we ýaş alymlaryň gatnaşyp biljek beýleki çäreleri geçirýär hem-de guraýar;
  • ýaş alymlaryň öz güýçlerini ulanmak bilen, häzirki zaman ylmynyň derwaýys we amaly ähmiýetli meselelerini çözmeklige gönükdirilen dersara toplumlaýyn ylmy barlaglary alyp barmak babatynda ýaş alymlaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmeklige ýardam edýär;
  • ýaş alymlarynyň hünär taýdan kämilleşmegine, ylmy başarnyklaryny ösdürmäge we ylmy barlaglarynyň netijelerini ýaýratmaga goldaw berýär;
  • türkmen we daşary ýurtly ylmy-barlag edaralarynyň alyp barýan ylmy barlaglary barasynda ýaş alymlary habardar etmek boýunça işleri geçirýär, ýaş alymlara zerur bolan maglumatlar ulgamyny döredýär, konsalting we beýleki hyzmatlary edýär;
  • ýaş alymlaryň innowasiýa işlerini goldaýar we höweslendirýär;
  • ýaş alymlaryň işiniň täze formalaryny gözlemek, olary iş tejribesine ornaşdyrmakda başyny başlaýjy bolup çykyş edýär, institutyň kafedralarynyň, beýleki türkmen we daşary ýurtly ylmy edaralarynyň ylmy işleriniň oňyn netijelerini umulaşdyrýar we ýaýradýar;
  • ylym bilen meşgullanýan ýaşlar üçin maglumat üpjünçiligini guraýar, olara geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, seminarlar, yglan edilen grantlar we beýleki çäreler barasynda zerur maglumatlary berýär;
  • talyplaryň ylmy işlerine Institutyň ýaş alymlaryny çekmek arkaly institutyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde dürli çäreleri amala aşyrýar;
  • ylmy işleriň bäsleşiklerine gatnaşmaklarynda we grantlary almak üçin sargytlary resmileşdirmeklerinde ýaş alymlara maslahat kömeklerini berýär;
  • ýaş alymlary institutda ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işlerine we geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara hem-de seminarlara işjeň çekýär;
  • ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy makalalaryny we tezislerini çap etmeklige taýýarlamaklarynda usulyýet kömeklerini berýär;
  • öňde goýlan maksatlara laýyklykda Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga garşy gelmeýän beýleki işleri ýerine ýetirýär.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary bolan mugallymlaryň we talyplaryň her biri saýlap alan ylmy temalaryň üstünde işleýärler. Olar ylmy temalary bilen döwlet we halkara derejelerde geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýaş mugallymlar we talyplar ylmy makalalaryny ylmy neşirlerde, şol sanda «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynda yzygiderli çap edýärler.

Institutyň Ýaş alymlar geňeşi bellenen möhletlerde öz mejlislerini geçirýär, ýerine ýetirilen işler barada döwürleýin hem-de ýyllyk hasabatlary taýýarlaýar. Institutyň Ýaş alymlar geňeşi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlaryň merkezi bilen ýakyn gatnaşygy saklaýar. Ýaş alymlaryň merkeziniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guraýan ylmy maslahatlaryna we beýleki çärelere institutyň Ýaş alymlar geňeşi işjeň gatnaşýar.