YLMY-AMALY MASLAHATLAR

Türkmen döwlet maliýe institutynda ýylyň-ýylyna ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli, şeýle hem kafedralaryň guraýan hepdelikleriniň çäklerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär.

Ylmy-amaly maslahatlarda Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň hünärmenleriniň ylmy nutuklary boýunça çykyşlary diňlenilýär.

Şeýle hem Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary beýleki ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara gatnaşyp, ylmy nutuklar boýunça çykyş edýärler.

Türkmen döwlet maliýe institutynda 2023-nji ýylyň dowamynda aşakdaky ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi:

T/b Ylmy-amaly maslahatyň ady Meýilleşdirilen senesi
1 WATAN GAHRYMANLARYNYŇ EDERMENLIGI – ÝURDUMYZYŇ ÝAŞ NESILLERI ÜÇIN NUSGALYK MEKDEBIDIR 05.05.2023ý.
2 ÝAŞYL TUGLY DIÝARYMYZDA SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEGIŇ HUKUK ESASLARY 12.05.2023ý.
3 SANLY YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEKDE YLMYŇ ORNY 09.06.2023ý.
4 TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE-YKDYSADY WE BANK ULGAMLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY 23.06.2023ý.
5 ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞINI ÜPJÜN ETMEKDE BILIMIŇ EÝELEÝÄN ORNY 30.08.2023ý.
6 GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÖSÜŞINIŇ ESASY UGURLARY 22.09.2023ý.
7 MILLI MANAT – MILLI BUÝSANJYMYZ 01.11.2023ý.
8 DIÝARYMYZYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYK HUKUK DEREJESI – PARAHATÇYLYGYŇ, ERKANALYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILNAMASYDYR 08.12.2023ý.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyplary ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar. Professor-mugallymar we talyplar wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn tertipde daşary ýurtlaryň guraýan ylmy maslahatlaryna, simpoziumlaryna hem işjeň gatnaşyp, ýerine ýetirýän ylmy temalary boýunça çykyşlary edýärler.