YLMY-BARLAG IŞLERI

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutlýan ugurlary we olar boýunça alnyp barylmaly ylmy-barlag işleriň sanawyna» laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynyň kafedralary we «Ösüş» ylmy-barlag merkezi tarapyndan jemi 11 sany ylmy temadan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ylmy temalaryň 10 sanysy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnandyr we 1 sany tema institutyň Alymlar geňeşinde makullanyp kafedranyň derejesinde ýerine ýetirilýär. Ylmy temalar boýunça ýerine ýetirilýän ylmy barlaglar amaly häsiýete eýedir.

Türkmen döwlet maliýe institutynda häzirki wagtda aşakdaky ylmy temalar boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär:

1 Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini seljermegiň we çaklamagyň ylmy-usuly esaslary
2 Türkmenistanda durnukly ösüşi üpjün etmekde daşary söwdanyň tutýan orny
3 Optimallaşdyrmagyň sistemalaýyn-dinamiki modellerini innowasion usullarda çözmek (Milli ykdysadyýetiň ýangyç senagatynyň mysalynda)
4 Kiçi we orta telekeçilikde önümçiligiň ykdysady netijeliligine seljerme bermegiň programmalaş-dyrylmagyny kämilleşdirmek
5 Türkmenistanda töwekgelçilik hadysalarynyň ätiýaçlandyrylyşy we ony kämilleşdirmegiň ýollary
6 Kesgitsizlikde ulag meseleleriniň optimal çözülişi (Ulag ulgamynyň mysalynda)
7 Maglumatlar meýdançasyny döretmegiň tehnologiýalary
8 Kärhanalaryň marketing strategiýasyny kämilleşdirmekde işewürlik iňlis diliniň ähmiýeti
9 Salgyt ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
10 Ýaş salgytçylar
11 Beýik Yüpek ýoly: Türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň ykdysady ösüşi
12 Ykdysady ylymlaryň ösmeginiň döwürleri we görnükli alymlary