YLMY GURNAKLAR

Türkmen döwlet maliýe institutynda bilim alýan talyp ýaşlary ylma çekmek üçin birnäçe ylmy gurnaklar hereket edýär. Ylmy gurnaklara gatnaýan talyplara ylmy temalar (taslamalar) berkidilýär. Talyplaryň ylmy temalaryna (taslamalaryna) ylmy ýolbaşçygy kafedralaryň professor-mugallymlary amala aşyrýarlar. Talyplar ylmy temalary (taslamalary) bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine, şeýle hem institut, ýokary okuw mekdepleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan ylmy-döredijilik bäsleşiklerine we açyk halkara internet ylmy bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary yzygiderli eýeleýärler.

Institutyň kafedralarynda häzirki wagtda aşakdaky ylmy gurnaklar hereket edýär:

1 Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli miras taglymaty
2 Dilim – baýlygym
3 Dilim bar – dünýäm bar
4 Ruhy hazyna
5 Ýaş maliýeçi
6 Ykdysady nazaryýet
7 Pul dolanyşygy we karz
8 Bank işi we maliýe
9 Ekologiýa
10 Ýaş salgytçylar
11 Hasapçy
12 Ätiýaçlandyryş işi
13 Programmirleýji
14 Matematik