ÇÄRELER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ýaýrawlarynda uly ösüşler gazanylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenstanda halkara we döwlet derejelerinde dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmen döwlet maliýe institutynda olimpiadalar, ylmy işleriň bäsleşikleri, medeni-köpçülik çäreleri we sport ýaryşlary geçirilýär. Ýakyn wagtlarda şu aşakdaky çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar:

2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde sagat 12:00-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Iňlis dili» dersi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda online görnüşinde geçiriljek olimpiada Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde sagat 9:00-da Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Ýokary matematika» kafedrasynyň guramagynda «Matematika» dersi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda online görnüşinde olimpiada geçirmek meýilleşdirildi.

2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde sagat 10:00-da Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Daşary ýurt dilleri» kafedrasynyň guramagynda Intellektual eýeçilik boýunça iňlis dilinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda online görnüşinde olimpiada geçirmek meýilleşdirildi.

2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde sagat 12:00-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary» dersi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda online görnüşinde geçiriljek olimpiada Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

2022-nji ýylyň 27-30-njy aprelinde Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň guramagynda talyplaryň arasynda online görnüşinde Matematika boýunça Açyk Halkara olimpiadasyna Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.