Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Daşary ýurt dilleri” kafedrasy tarapyndan “Intellektual eýeçiligiň ähmiýeti” atly tema boýunça institutyň fakultetleriniň I, II, III, IV we V ýyl talyplarynyň arasynda ylmy referat bäsleşigini geçirmek barada

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu resminama kadalaşdyryjy-hukuk, institusional, maglumat toplaýyş, şeýle hem bilim we hünär kämilleşdiriş ýaly ähmiýetli birnäçe ugurlary öz içine alýar. Bu babatda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe institutynyň (mundan beýläk - institut) talyplarynyň arasynda “Daşary ýurt dilleri” kafedrasy tarapyndan “Intellektual eýeçiligiň ähmiýeti” atly ylmy referat bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlandy.

I. Umumy düzgünler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky 11722-nji Karary bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň gurluş düzümi tassyklandy. 2011-nji ẏylda institut 6 hünär boẏunça özüniñ ilkinji talyplaryny okuwa kabul etdi. Institut döredilen ýylyndan başlap, onuň gurluş düzüminiň kämilleşdirilmegi dowam edýär. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň zerurulyklary nazara alnyp, institutda hereket edýän hünärleriň sany yzygiderli artdyryldy. 2021/2022-nji okuw ýylyndan institutda işgärleri taýýarlamagyň iki derejeli bilim maksatnamasynyň birinji derejesi, ýagny bakalawr taýýarlyk ugurlary açyldy.

1. “Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak babatynda zerur çäreleri amala aşyrmak, şeýle hem intellektual eýeçilik ulgamyny halkara kadalaryna laýyklykda has-da ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda degişli işler amala aşyrylýar.

2. Intellektual eýeçiligi goramagyň milli ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk getirmek, ylmyň, tehnikanyň, edebiýatyň we sungatyň gazananlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ösüşine ornaşdyrylmagyna, döwlet we halkara derejede intellektual eýeçiligiň goragynyň kepillendirilmeginiň üpjün edilmegine ýardam etmek maksady bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy döredildi.

3. Bu Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň esasy wezipesi Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň, ýagny intellektual eýeçiligini goramagyň ýeke-täk milli ulgamyny döretmekden we ony dolandyrmakdan, döwlet bellige alnan senagat eýeçiliginiň obýektleri üçin gorag resminamalaryny (patentleri we şahadatnamalary) bermekden, döwlet patent-maglumat binýadyny döretmekden, awtorlyk we gatyşyk hukuklarynyň obýektlerini hasaba almakdan, intellektual eýeçiligini goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny hem-de hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmakdan ybaratdyr.

II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

4. Bäsleşigiň geçirilmegi Türkmenistanda Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň wezipelerini, kadalaryny we halkara tejribesini öwrenmekde giň dünýä garaýyşly hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

5. Bäsleşigiň maksady

  • intellektual eýeçiliginiň hukuklary, awtorlyk hukugyny goramakda tejribe alyşmak, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribesini öwrenmek;
  • ýaşlary intellektual eýeçiligiň meseleleri bilen tanyşdyrmak, döredijilik işiniň höweslendirilmegini goldamagyň, beýleki adamlaryň hukuklaryna hormat goýmak zerurlygyny, intellektual hukugyň beýleki meseleleriniň ähmiýetini düşündirmek;
  • intellektual eýeçiligiň deňeçer we netijeli halkara ulgamynyň alyp barýan işlerini öwrenmek arkaly ýurdumyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmek maksady bilen täzeçil döredijilige gönükdirmek;
  • bilim maksatnamalaryny taýýarlamakda, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we bu ugur boýunça degişli okuw gollanmalaryny taýýarlamakda dünýä tejribesini öwrenmek.

6. Bäsleşigiň wezipeleri:

  • ýurdumyzda dünýäde intellektual eýeçiligi goramak we bu ugurda milli kanunçylygyň sazlaşygyny gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak;
  • intellektual eýeçilik pudagynda halkara kanunlaryny we kadalaryny öwrenmek;
  • intellektual eýeçilik pudagynda berilýan tehniki we hukuk kömeginiň düzgünleri bilen tansy etmek;
  • maglumatlary ýygnamak we ýaýratmak;
  • gözleg geçirmek we netijelerini neşir etmek düzgünlerini we Intellektual eýeçiligiň halkara goragyny ýeňilleşdirýän hyzmatlary üpjün ediliş kadalaryny düşündirmek.

III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

7. Institutyň talyplarynyň arasynda “Intellektual eýeçiligiň ähmiýeti” atly ylmy referat bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin “Daşary ýurt dilleri” kafedrasynyň çäginde Guramaçylyk topary döredilýär.

8. Guramaçylyk topary:

a) institutyň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar;

b) bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri, usulyýet we gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;

c) ýokary okuw mekdebiniň talyplaryndan gelip gowşan işleri bellenen talaplar boýunça adalatly bahalandyryp, ýeňijileri kesgitleýär.

IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

9. Bäsleşige institutyň dürli fakultetleriniň I, II, III, IV we V ýyl talyplary gatnaşyp biler.

Bäsleşik aşakdaky şertler boýunça geçiriler:

10. Ylmy referatlaryň bäsleşigine öň neşir edilmedik ylmy referatlar hödürlenip bilner.

11. Ylmy referatlar şu aşakdaky ugurlar boýunça taýýarlanylmalydyr:

a) intellektual eýeçilik ulgamynyň ösüş taryhy, düşünjesi we ýörelgeleri; b) dünýäde bolup geçen we dowam edýän senagat özgerişleri intellektual eýeçiliginiň döremegine we ösmegine getirýän täsiri; c) ýurdumyzda intellektual eýeçiligi boýunça döwlet dolandyryş ulgamy; d) intellektual eýeçiliginiň innowasiýalar ulgamynyň kemala gelmegindäki ähmiýeti; e) Intellektual eýeçilik ulgamy adamzadyň intellektual taýdan gazananlarynyň goralmagyny halkara we milli derejelerde üpjün etmegi; f) ýurdumyzda Intellektual eýeçilik babatda hereket edýän konwensiýalar, şertnamalar, ylalaşyklar barada.

12. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini “Intellektual eýeçiligiň ähmiýeti” atly ylmy referat bäsleşigine” diýen ýazgy bilen “Daşary ýurt dilleri” kafedrasyna tabşyrýarlar ýa-da dilim3212@gmail.com elektron poçtasyna iberilýar. Gatnaşyjylar özleri baradaky anyk maglumatlary görkezmeli.

13. Bäsleşige gatnaşýan talyp işi özbaşdak ýazmaly. Ylmy referat göçürilen bolmaly däldir we işler awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly.

14. Hödürlenýän ylmy referatlar türkmen, iňlis, rus we nemes dilleriniň haýsy hem bolsa birinde (saýlan dillerinde) kabul edilýär.

Ylmy referata aşakdaky talaplar bildirilýär:

- ylmy referatyň möçberi A4 (210х297) formatda, 15 sahypadan az bolmaly däl; - ylmy referat girişden, 3 sany soragdan, netijeden we tekliplerden ybarat bolmaly; - ylmy referat Times New Roman şrifti bilen, 14 ölçegli ýazylmaly, setiriň arasy 1–lik ölçegde bolmaly; - sahypa ölçegi: ýokary we aşak taraplarda-2,0 sm, çep tarapda-2,5 sm, sag tarapda-1,5 sm. - ulanylan edebiýatlaryň sanawy olary nutugyň beýanynda salgylanylan tertibinde ýerleşdirmeli. Edebi çeşmeleriň salgylanmalary ylmy referatyň mazmunynda inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen bellenilýär: [1], [2].

16. Ylmy referatlaryň bäsleşigine gatnaşmak üçin taýýarlanan işler 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne çenli kabul edilýär.

17. Ylmy referatlar görkezilen möhletinden soň kabul edilmeýär, 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýeňijiler yglan edilýär.

V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

18. Ýeňijileri kesgitlemekde ylmy referatlaryň mazmunynda referada bildirilýän talaplaryň berjaý edilşine, gozgalýan meseleleriň wajyplygyna, hödürlenýän çözgütleriň ýerliklidigine esasy üns berilýär.

19. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda bäsleşigiň netijeleri yglan edilýär.

20. “Intellektual eýeçiligiň ähmiýeti” atly ylmy referat bäsleşiginde ýeňijileriň düzümi 1sany I-orun, 2 sany II-orun, 3 sany III-orun ýeňijileriň düzümi kesgitlenýar.

21. Ýeňijiler emin agzalary tarapyndan kesgitlenilýär we olar Hormat haty bilen sylaglanylýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy 2022-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda geçirilýär.

22. Bäsleşigiň ýeňijileri baradaky maglumat we olaryň ýerine ýetiren işleri TDMaI.edu.tm web-saýtynda ýerleşdirilýär.

Habarlaşmak üçin: Telefon belgiler: +993 65 625530; +993 61 439559 Email: dilim3212@gmail.com