FAKULTETLER

«MALIÝE» FAKULTETI

Maliýe fakultetiñ düzüminde üç sany kafedra hereket edýär: Maliýe, Ykdysady nazaryýet we Daşary ýurt dilleri. Fakultetde şu ugurlar boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Maliýe», «Maliýe gözegçiligi», «Maliýe menejmenti», «Halkara maliýe».

Fakultetiň uçurymlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi, welaýat we etrap bölümlerinde, banklarda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, biržalarda, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalarda, ylmy-barlag we beýleki edaralarda zähmet çekýärler.

Fakultetiniñ kafedralarynda dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ol işler milli ykdysadyẏetimizi ösdürmegiñ derwaẏys meselelerine bagyşlanandyr. Şol işleri ýerine ýetirmäge fakultetiň professor-mugallymlary bilen bir hatarda talyp ýaşlar hem işjeñ çekilýär. Olar ýurdumyzda, daşary ýurtlarda, institutda we fakultetde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edýärler, döwürleýin neşirýatda ylmy makalalary yzygiderli çap edýärler. Talyp ẏaşlar döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine we halkara internet olimpiadalaryna, dürli ylmy bäsleşiklere, şeýle hem institutyň kafedralarynda hereket edýän ylmy gurnaklara işjeň gatnaşẏarlar.

«BANK IŞI» FAKULTETI

Bank işi fakultetiniň düzümine üç kafedra girýär. Olar Bank işi, Jemgyýeti öwreniş ylymlary we Bedenterbiýe kafedralarydyr. Fakultetde şu ugurlar boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we maliýe», «Maliýe we karz», «Bank işi we pul dolanyşygy».

Fakultetiň uçurymlary ýurdumyzyň bank we maliýe edaralarynda, eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli kärhanalarda, halkara maliýe guramalarynda zähmet çekýärler. Fakultetiň kafedralarynda okuw-usuly we ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Fakultetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, institutda guralýan ylmy-amaly maslahatlara, olimpiadalara, ylmy-döredijilik bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, metbugatda we ylmy neşirlerde makalalary çap edýärler. Professor-mugallymlar tarapyndan okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlanylýar, talyplaryň ylmy işlerine we taslamalaryna ýolbaşçylyk edilýär.

«SALGYTLAR WE SALGYT SALMAK» FAKULTETI

Fakultetiň düzümine Salgytlar we salgyt salmak, Ätiýaçlandyryş işi, Maglumat tehnologiýalary kafedralary girýär. Fakultetde şu ugurlar boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Salgytlar we salgyt salmak», «Ätiýaçlandyryş işi», «Ykdysady informatika», «Töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi», «Işewürlik-informatika».

Fakultetiň uçurymlary ýurdumyzyň etraplarynda we şäherlerinde hereket edýän salgyt bölümlerinde, ätiýaçlandyryş edaralarynda, dürli eýeçilik-guramaçylyk görnüşli ýuridik şahslarda, işleýärler. Fakultetiň kafedralarynyň professor-mugallymlary okuw-usuly işler bilen bir hatarda salgyt, ätiýaçlandyryş işi we sanly ulgamlaryň derwaýys temalary boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýarlar. Ylmy-barlag işlerine talyp ýaşlar giňden çekilýär.

Bu fakultetiň kafedralarynyň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylyk etmeklerinde talyp ýaşlary halkara, döwlet, institut derejelerinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýärler.

«HASAP WE AUDIT» FAKULTETI

Fakultetiň düzümine Buhgalterçilik hasaba alnyşy we Ýokary matematika kafedralary girýär. Fakultetde şu ugurlar boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit», «Birža işi».

Fakultetiň uçurymlary ýurdumyzyň maliýe, bank, salgyt, ätiýaçlandyryş, şeýle hem birža ulgamlarynda, şeýle hem beýleki edara-kärhanalarynda zähmet çekýärler. Fakultetiň kafedralarynda sanly ykdysadyýetiň derwaýys temalary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ylmy barlag işlerine professor-mugallymlar bilen bilelikde talyp ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.

Bu fakultetiň kafedralarynyň professor-mugallymlary okatmagyň işjeň usullaryny giňden peýdalanmak arkaly okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak, talyplarda hünär endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Professor-mugallymlar we talyplar institutda we onuň daşynda geçirilýän ders hem-de ylmy bäsleşiklere, baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar. Fakultetiň kafedralary önümçilik bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar.