INSTITUTYŇ GURLUŞY

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakynda 2019-njy ýylyň 12-nji iýunyndaky 1264-nji Kararyna laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynyň gurluş düzümi kämilleşdirildi.

Institutyň gurluş düzümi häzirki wagtda aşakdakylardan ybarat:

1. Fakultetler

1 Maliýe
2 Bank işi
3 Salgytlar we salgyt salmak
4 Hasap we audit




2. Kafedralar

1 Maliýe
2 Ykdysady nazaryýet
3 Bank işi
4 Buhgalterçilik hasaba alnyşy
5 Salgytlar we salgyt salmak
6 Ätiýaçlandyryş işi
7 Maglumat tehnologiýalary
8 Jemgyýeti öwreniş ylymlary
9 Daşary ýurt dilleri
10 Ýokary matematika
11 Bedenterbiýe




3. Okuw merkezi

«Maliýe» okuw merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň 01.05.2012ý. 23 belgili buýrugy esasynda döredildi. Maliýe-ykdysatçy hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlary guramak bu okuw merkeziniň döredilmeginiň esasy maksadydyr.

«Maliýe» okuw merkeziniň işiniň esasy görnüşleri:

Hünär taýýarlygy;

Beýleki toparlara goşulmadyk bilim boýunça işler;

Işgärleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak işleri.