Kafedralar

«MALIÝE» KAFEDRASY

Maliýe kafedrasy gutardyş kafedrasydyr. Häzirki wagtda bu kafedra ẏurdumyzyñ maliẏe-ykdysady ulgamy üçin ẏokary bilimli ykdysatçy hünärmenleri we bakalawrlary taẏẏarlaẏar.

Kafedranyň professor-mugallymlary şu derslerden umumy we amaly sapaklary okadýarlar: «Maliýe nazaryýeti», «Maliýe», «Kärhananyň maliýesi», «Daşary döwletleriň maliýesi», «Maliýe menejmenti», «Maliýe hukugy», «Döwlet býujeti», «Gazna biržasy», «Gymmat bahaly kagyzlaryň bazary», «Telekeçilik işi», «Dünýä maliýe bazarlary», «Maliýe gözegçiligi (monitoringi)» we beýlekiler. Kafedrada ýokary derejeli we tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler.

Maliýe kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan «Gazna biržasy», «Telekeçilik işi», «Döwletiň maliýe syýasaty» okuw kitaplary neşir edildi.

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan döwlet belligine alnan «Türkmenistanda durnukly ösüşi üpjün etmekde daşary söwdanyň tutýan orny» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi alnyp barylýar. Ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça hödürlenen teklipler amaly iş tejribesinde peýdalanylýar. Ylmy işiň netijeleri ylmy žurnallarda we gündelik metbugatda çap edilýär. Maliýe kafedrasynda hereket edýän «Ýaş maliýeçi» ylmy gurnagyna talyplar işjeň gatnaşýarlar.

«BANK IŞI» KAFEDRASY

Bank işi gutardyş kafedrasy bolup, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlaýar. Kafedrada «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary», «Pul, karz we banklaryň nazaryýeti», «Pul, karz we banklar», «Halkara walýuta-karz we maliýe gatnaşyklary», «Halkara töleg ulgamlary», «Bank işi», «Karz bazary», «Bank menejmenti», «Düýpli maýa goýumlaryň maliýeleşdirilişi we karzlaşdyrylyşy», «Sanly pul dolanyşygy», «Bank hukugy», «Bank töwekgelçiligi we onuň ätiýaçlandyrylyşy» we ş.m. dersler okadylýar. Kafedrada ýokary derejeli we tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini seljermegiň we çaklamagyň ylmy-usuly esaslary» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi alnyp barylýar. Ylmy temanyň netijeleri boýunça ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar edilýär, makalalar we tezisler çap edilýär.

Kafedranyñ mugallymlary talyplaryñ ylmy işine ẏolbaşçylyk etmek meselesine uly ähmiẏet berẏärler. Şu maksat bilen kafedrada «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we maliýe», «Ekologiýa» ylmy gurnaklary hereket edẏär.

Kafedranyň mugallymlary okuw prosesi üçin möhüm bolan okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlamak bilen işjeň meşgul bolýarlar. Olaryň awtorlygynda «Bank menejmenti», «Işjeň gatnaşyklar», «Bank töwekgelçiligi we onuň ätiýaçlandyrylyşy» okuw kitaplary, «Bank işi boýunça meseleler ýygyndysy» okuw gollanmasy neşir edildi.

«SALGYTLAR WE SALGYT SALMAK» KAFEDRASY

Salgytlar we salgyt salmak kafedrasynda, esasan, ýurdumyzyň salgyt ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanyp, olara «Mikroykdysadyýet», «Makroykdysadyýet», «Salgytlar we salgyt salmak nazaryýeti», «Salgytlar we salgyt salmak», «Daşary döwletleriň salgyt ulgamlary», «Menejment», «Salgyt menejmenti», «Salgytlar boýunça hasap we hasabat» we beýleki dersler boýunça düýpli bilimler berilýär.

Kafedrada ýokary derejeli mugallymlar işleýärler. Olar okuw-usulyýet, tejribe hem-de ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Bu kafedranyň mugallymlarynyň awtorlygynda «Makroykdysadyýetde matematiki modeller» okuw kitaby, «Mikroykdysadyýet dersi boýunça meseleleriň we testleriň ýygyndysy» okuw gollanmasy çap edildi.

Kafedrada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnan «Salgyt ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär. Ylmy temanyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň döwürleýin neşirlerinde ylmy makalalar yzygiderli çap edilýär.

Mugallymlar we talyplar dürli derejelerde geçirilýän ders we ylmy işleriň taslama bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Kafedrada «Ýaş salgytçylar» ylmy gurnagy hereket edýär. Kafedra etrap we şäher salgyt bölümleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.

«BUHGALTERÇILIK HASABA ALNYŞY» KAFEDRASY

Buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasy «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit», «Birža işi» taýýarlyk ugurlary (hünärleri) boýunça ýokary bilimli bakalawrlary hem-de hünärmenleri taýýarlaýar. Bu taýýarlyk ugurlarynyň (hünärleriň) uçurymlary eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, şeýle hem gazna, haryt-çig mal, walýuta we zähmet biržalarynda işleýärler.

Kafedrada «Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň nazaryýeti», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy», «Buhgalterçilik maliýe hasaba alnyşy», «Dolandyryş hasaba alnyşy», «Banklarda buhgalterçilik hasaba alnyşy», «Býujet edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyşy», «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary», «Buhgalterçilik ekspertizasy», «Audit», «Auditiň halkara standartlary», «Ykdysady seljerme», «Býujet edaralarynyň işiniň seljermesi», «Maliýe seljermesi», «Bank işiniň seljermesi», «Statistikanyň nazaryýeti», «Maliýe statistikasy», «Bank statistikasy» we beýleki dersler okadylýar. Bu kafedranyň mugallymlary okatmagyň işjeň usullaryny giňden peýdalanmak arkaly okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak, talyplarda hünär endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Kafedranyň mugallymynyň awtordaşlygynda «Auditiň halkara standarty» okuw kitaby neşir edildi.

Buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnan «Kiçi we orta telekeçilikde önümçiligiň ykdysady netijeliligine seljerme bermegiň programmalaşdyrylmagyny kämilleşdirmek» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär. Ylmy temanyň netijeleri boýunça taýýarlanan ylmy makalalar žurnallarda çap edilýär.

Talyplar kafedrada hereket edýän «Hasapçy» ylmy gurnaga işjeň gatnaşmak bilen, olar mugallymlaryň halypa ýolbaşçylygynda ylmy temalary (taslamalary) ýerine ýetirýärler.

«ÄTIÝAÇLANDYRYŞ IŞI» KAFEDRASY

Kafedrada «Töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi» taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar, şeýle-de «Ätiýaçlandyryş işi» hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) uçurymlary, esasan, ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamynda zähmet çekýärler. Kafedra boýunça «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy», «Ätiýaçlandyryş işiniň nazaryýeti», «Ätiýaçlandyryş işi», «Daşary döwletlerde ätiýaçlandyryş işi», «Ätiýaçlandyryş hukugy», «Maýa goýumlaryň ätiýaçlandyrylyşy», «Telekeçilik töwekgelçilikleriniň ätiýaçlandyrylyşy» we beýleki dersler okadylýar.

Ätiýaçlandyryş işi kafedrada nazary we amaly taýýarlygyň berk utgaşdyrylmagy talyplarda ýurduň ykdysady durmuşynda bolup geçýän hadysalara çuň düşünmek endigini döredýär.

Kafedrada hereket edýän «Ätiýaçlandyryş işi» ylmy gurnaga talyplar işjeň gatnaşýarlar we olar mugallymlaryň ylmy ýolbaşçylygynda ätiýaçlandyryş işiniň dürli meseleleri bilen baglanyşykly ylmy temalary ýerine ýetirýärler. Kafedranyň mugallymlary talyplary halkara we döwlet derejelerinde, institutlaryň arasynda geçirilýän ders olimpiadalaryna, ylmy işleriň (taslamalaryň) bäsleşiklerine taýýarlaýarlar.

«Ätiýaçlandyryş işi» kafedrasynda mugallymlaryň we ylma höwesjeň talyplaryň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanda töwekgelçilik hadysalarynyň ätiýaçlandyrylyşy we ony kämilleşdirmegiň ýollary» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär. Bu tema boýunça ylmy makalalar we tezisler ylmy neşirlerde çap edilýär.

«MAGLUMAT TEHNOLOGIÝALARY» KAFEDRASY

Kafedrada «Işewürlik-informatika» taýýarlyk ugry boýunça bakalawrlar, şeýle-de «Ykdysady informatika» hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu taýýarlyk ugrunyň (hünäriň) uçurymlary, esasan, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynda, eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýärler. Kafedra boýunça «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary», «Sanly ykdysadyýet», «Ykdysadyýetde maglumat ulgamlary we tehnologiýalary», «Programmirlemegiň esaslary», «Web-programmirleme», «Operasion ulgamlar we amaly programmalar», «Kompýuter torlary», «Kiberhowpsuzlygyň üpjünçiligi», «Web dili», «Java dili», «Programmirlemgiň häzirki zaman tehnologiýalary» we beýleki dersler okadylýar.

«Maglumat tehnologiýalary» kafedrasynyň mugallymlary institutyň internet saýtyny, bilim portalyny, içki toruny döretmek we olaryň maglumat üpjünçiligini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýärler.

Kafedanyň mugallymlarynyň awtorlygynda «Informatika» okuw kitaby, «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň esaslanýan düşünjeleri», «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary (Tejribe işleri I we II) », «Ykdysadyýetde maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (Tejribe işleri)», «Bizi gurşap alýan geometriýa», «Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan käbir düşünjeler», «HDML dili», «СSS dili» okuw gollanmalary neşir edildi.

Kafedrada «Maglumatlar meýdançasyny döretmegiň tehnologiýalary» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Programmirleýji» ylmy gurnagy hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaga gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar. «Maglumat tehnologiýalary» kafedrasynyň mugallymlary birnäçe patentleriň awtorlary bolup durýarlar.

«YKDYSADY NAZARYÝET» KAFEDRASY

Kafedranyň mugallymlary taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriň) ählisinde «Ykdysady nazaryýet», «Dünýä ykdysadyýeti we halkara ykdysady gatnaşyklar», «Türkmenistanyň ykdysadyýeti» we beýleki dersleri okadýarlar.

«Ykydysady nazaryýet» kafedrasynyň mugallymlarynyň awtorlygynda «Halkara ykdysady guramalar» okuw kitaby neşir edildi.

Kafedrada «Ykdysady ylymlaryň ösmeginiň döwürleri we görnükli alymlary» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Ykdysady nazaryýet» ylmy gurnagy hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaga gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar.

«ÝOKARY MATEMATIKA» KAFEDRASY

Kafedranyň professor-mugallymlary taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriň) ählisinde «Ýokary matematika», «Ähtimallyklaryň nazaryýeti we matematiki statistika», «Tebigy bilimleriň häzirki zaman taglymatlary», «Ykdysady-matematiki usullar we modeller», «Ekonometrika», «Matematiki analiz» we beýleki dersleri okadýarlar.

«Ýokary matematika» kafedrasynyň professor-mugallymlarynyň awtorlygynda «Ekonometrika», «Ykdysady matematiki modeller we usullar», «Inžener ykdysatçynyň psihologiýasy» okuw kitaplary, «Ýokary matematika boýunça meseleler ýygyndysy» okuw gollanmasy neşir edildi.

Kafedrada «Kesgitsizlikde ulag meseleleriniň optimal çözülişi (Ulag ulgamynyň mysalynda)» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Matematik» ylmy gurnagy hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň professor-mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaga gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar.

«JEMGYÝETI ÖWRENIŞ YLYMLARY» KAFEDRASY

Kafedranyň professor-mugallymlary taýýarlygyň ugurlarynyň (hünärleriň) ählisinde «Türkmenistanyň taryhy», «Psihologiýanyň esaslary», «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary», «Filosofiýa», «Syýasaty öwreniş», «Häzirki zaman türkmen jemgyýeti» we beýleki dersleri okadýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasatyny talyp ýaşlaryň hem-de ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça kafedrasynyň professor-mugallymlary tele-radio ýaýlymlarda çykyşlary we tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikleri edýärler, şeýle hem dürli çäreleri guraýarlar.

Kafedrada «Beýik Yüpek ýoly: Türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň ykdysady ösüşi» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli miras taglymaty» ylmy gurnagy hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň professor-mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaga gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar.

«DAŞARY ÝURT DILLERI» KAFEDRASY

Kafedranyň mugallymlary taýýarlygyň ugurlarynyň ählisinde «Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili», «Taýýarlygyň ugry boýunça rus dili», «Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti» dersleri okadýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky 519-njy Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde kafedrasynyň mugallymlary okuw, ylmy, usuly we beýleki işleri alyp barýarlar.

«Daşary ýurt dilleri» kafedrasynyň mugallymlarynyň awtorlygynda «Мультимедийные средства обучения иностранному языку в экономических вузах Туркменистана: Монография», «Использования песен, рифм и игр в преподавании иностранных языков. Монография» daşary ýurtda neşir edildi.

Kafedrada «Kärhanalaryň marketing strategiýasyny kämilleşdirmekde işewürlik iňlis diliniň ähmiýeti» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Dilim – baýlygym», «Dilim bar – dünýäm bar», «Ruhy hazyna» ylmy gurnaklary hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaklara gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar.

«BEDENTERBIÝE» KAFEDRASY

Kafedranyň mugallymlary taýýarlygyň ugurlarynyň ählisinde «Bedenterbiýe» dersini okadýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça ýöredýän döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde kafedrasynyň mugallymlary uly işleri alyp barýarlar.

«Bedenterbiýe» kafedrasynyň ýanynda Talyplar sport kluby hereket edẏär. Talyplara uly we kiçi futbol, woleẏbol, basketbol, el pökgüsi, tennis, küşt-şaşka we sportuñ beẏleki görnüşleri bilen yzygiderli meşgul bolmaklary üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport meẏdançalary, sport zaly, türgenleşik enjamlary bar. Kafedrasynyň mugallymlary «Maliẏeçi» woleẏbol, futbol, basketbol toparlaryna ýolbaşçylyk edýärler. Bu toparlara gatnaýan talyplar ẏurdumyzda geçirilẏän spartakiadasynda çykyş etmek bilen, özleriniň tejribelerini yzygiderli artdyrẏarlar. «Maliẏeçi» woleýbol oglanlar topary ýurdumyzyň ýokary ligasynda çykyş edýär, dürli baýramçylyk ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar. Sport bilen meşgullanýan talyplaryň birnäçesi ýurdumyzyň futbol we woleýbol ýygyndy toparynyň hem agzalarydyr.