"Kompýuter ylmy" online bäsleşigiň netijeleri

Online görnüşinde geçiriljek bäsleşigi bahalandyrmak üçin döredilen topar tarapyndan bahaiandyrylan talyplaryň işleriniň netijeleri Turkmen döwlet maliýe institutynyň tdmai.edu.tm intemet sahypasynda ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň netijeleri şahsy we toparlaýyn gömuşde hasaba alnar. Şahsy orunlar ähli ýerine ýetirilen ýumuşlarda (testier we meseleler boýunça) toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär. Online gömuşinde geçiriljek bäsleşikde şahsy hasap boýunça 1-nji, 2-nji, 3-nji orun alan ýeňijiler, degişlilikde I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Toparyň eýelän omy bäsleşige gatnaşýan toparyň ähli gatnaşyjylarynyň ballarynyň jemi arkaly kesgitlener.

Bäsleşige gatnaşýan talyplaiyň işleriniň netijesi boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda talyplara ýolbaşçylyk edýän mugallym bahalandyryş toparyna arzşikaýat bilen elektron poçta arkaly ýöz tutup biler.