Online okuw

Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň 26-njy standarty

Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň 26-njy standarty

«Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň 26-njy standarty» atly tema boýunça degişli guramanyň ýokary derejeli hünärmenleriniň geçiren okuw seminaryna institutymyzyň «Salgytlar we salgyt salmak» kafedrasynyň mugallymlary we höwesjeň talyplary gatnaşdy. Teleköpri arkaly geçirilen wideoseminaryň dowamynda Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň alyp barýan işleri, intellektual eýeçilik düşünjesiniň dünýä jemgyýetçiligine zerurlygy tanyşdyrylyp, sapagyň degişli birnäçe soraglar berilip degerli jogaplar alyndy. Erkin ýagdaýda geçen okuw sapagy talyplarda has-da gyzyklanma döretdi.