«MALIÝE» OKUW MERKEZI

«Maliýe» okuw merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň 2012-nji ýylyň 1-nji maýyndaky №23 buýrugy esasynda döredildi. Türkmen döwlet maliýe instituty «Maliýe» okuw merkeziniň Esaslandyryjysy bolup, onuň Tertipnamasy Türkmenistanyň öňki Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan 22.08.2012ý. №15452096 belgi bilen hasaba alyndy.

«Maliýe» okuw merkeziniň işiniň görnüşlerine üýtgetme girizilendigi sebäpli, onuň Tertipnamasy Türkmenistanyň öňki Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan 01.04.2016ý. №24270482 belgi bilen gaýtadan hasaba alyndy.

«Maliýe» okuw merkezi Esaslandyryjynyň edara binasynda ýerleşýär. Bu okuw merkezi hojalyk hasaplaşygy esasynda hereket edýär, öz gazanan peýdasynyň hasabyna çykdajylaryny maliýeleşdirýär we satyn alnan emläge eýeçilik edýär.

«Maliýe» okuw merkeziniň işiniň esasy görnüşleri:

  • Hünär taýýarlygy;
  • Beýleki toparlara goşulmadyk bilim boýunça işler;
  • Işgärleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýýarlamak işleri.

«Maliýe» okuw merkezi ýokarda görkezilen işleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnama esasynda amala aşyrýar.

Okuw merkezinde aşakdaky ugurlar boýunça gysga möhletli okuwlar alnyp barylýar:

  • Iňlis dili (okuwyň möhleti: 4 aý);
  • Kompýuter sowatlylygy (okuwyň möhleti: 2,5 aý);
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy (okuwyň möhleti: 10 aý).

«Maliýe» okuw merkeziniň guraýan gysga möhletli okuwlaryny üstünlikli tamamlan diňleýjilere bu okuw merkeziniň direktorynyň buýrugy esasynda Şahadatnama gowşurylýar.