Hasap we audit Fakulteti

Türkmen döwlet maliýe institutynyň Hasap we audit fakultetiniň gurluş düzümi:

Kafedralar:

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
  2. Ýokary matematika

Hünärler:

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
  2. Birža işi

        Fakultetiň düzümine degişli kafedralarda öz kärine ussat professor-mugallymlar talyplara bilim berýärler. Kafedralarda okuw-usuly işler bilen bir hatarda ylmy-barlag işleri hem alnyp barylýar.

        Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hem-de Birža işi hünärleri boýunça ykdysatçy hünärmenler taýýarlanylýar. Olar ýurdumyzyň maliýe, bank, salgyt, ätiýaçlandyryş, şeýle hem birža ulgamynda we ykdysadyýetiň beýleki edara-kärhanalarynda zähmet çekýärler.