Maliýe Fakulteti

Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň gurluş düzümi:

Kafedralar:

  1. Maliýe
  2. Ykdysady nazaryýet
  3. Daşaryýurt dilleri

Hünärler:

  1. Maliýe
  2. Maliýe gözegçiligi
  3. Maliýe menejmenti

Bakalawr taýýarlyk ugry:

  1. Halkara maliýe

        Fakultetde Maliýe, Maliýe gӧzegçiligi we Maliýe menejmenti hünärleri boẏunça ýokary derejeli ykdysatçy hünärmenler, şeýle hem Halkara maliýe hünäri boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar. Fakultetiň uçurymlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi, welaýat we etrap bölümlerinde, banklarda, dürli maksatly pul toplumlaryny dolandyrýan ätiýaçlandyryş guramalarynda, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalarda, biržalarda, ylmy-barlag we beýleki edaralarda ýokary derejeli ykdysatçy hünärmenler hökmünde işe ýollanylýar.

        Fakultetde öz kärine ussat tejribeli professor-mugallymlar talyplara döwrebap bilim berẏärler. Fakultetde işleẏän mugallymlar ýaşlara bilim we terbiýe bermekde irmän-ẏadaman göreldeli zähmet çekýärler. Fakultetiň mugallymlary tarapyndan okuw kitaplary, okuw gollanmalary, ylmy makalalar taýýarlanylýar. Şeýle hem ykdysady ylmynyň nazaryýetini we tejribesini utgaşdyrmak maksady bilen talyplar bilen ýörite maslahatlar geçirilýär.

        Maliẏe fakultetiniñ kafedralarynda dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ol işler milli ykdysadyẏetimizi ösdürmegiñ derwaẏys meselelerine bagyşlanandyr. Şol işleri ýerine ýetirmäge professor-mugallymlar bilen bir hatarda talyp ýaşlar hem işjeñ çekilýär. Olar ýurdumyzda, institutda we fakultetde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler, talyp ẏaşlaryñ arasynda geçirilẏän dürli ylmy bäsleşiklere gatnaşẏarlar.