Salgytlar we Salgyt Salmak Fakulteti

Türkmen döwlet maliýe institutynyň Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň gurluş düzümi:

Kafedralar:

  1. Salgytlar we salgyt salmak
  2. Ätiýaçlandyryş işi
  3. Maglumat tehnologiýalary

Hünärler:

  1. Salgytlar we salgyt salmak
  2. Ätiýaçlandyryş işi
  3. Ykdysady informatika

        Bu kafedralarda Salgytlar we salgyt salmak, Ätiýaçlandyryş işi hem-de Ykdysady informatika hünärleri boýunça ýokary bilimli ykdysatçy hünärmenler taýýarlanylýar. Olar ozaly bilen ykdysadyýetimiziň salgyt we ätiýaçlandyryş ulgamlary üçin taýýarlanylýar.

        Kafedralaryň mugallymlary okuw-usuly işler bilen bir hatarda dürli temalar boýunça ylmy-barlag işleri hem alyp barýarlar.