Ätiýaçlandyryş işi Kafedrasy

        Ätiýaçlandyryş işi kafedrasy institutyň düzüminde hereket edýän ýöriteleşdirilen kafedralaryň biridir. Kafedranyň garamagynda Ätiýaçlandyryş işi hünäri hereket edýär. Bu hünär boýunça okuwy tamamlan hünärmenler ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş guramalarynyň düzüminde dürli wezipelerde işläp bilýärler, şeýle hem olar ykdysadyýetimiziň islendik pudagynda ykdysady häsiýetli işlerde zähmet çekip bilerler.

        Kafedranyň mugallymlary tarapyndan Ätiýaçlandyryş işi hünärinde Ätiýaçlandyryş işi, Daşary döwletlerde ätiýaçlandyryş işi, Ätiýaçlandyryş işiniň nazaryýeti ýaly dersler okadylýar. Kafedranyň mugallymlary okuw kitaplaryny we gollanmalaryny ýazmak, ylmy-barlag işleri alyp barmak bilen meşgul bolýarlar. Kafedranyň ýanynda talyplaryň ylmy gurnagy hereket edýär.