Bank işi Kafedrasy

        Bank işi kafedrasy institutda hereket edẏän ẏöriteleşdirilen kafedralaryñ biridir. Kafedranyň mugallymlary ähli hünärlerde talyplara umumy we ýörite hünär ykdysady dersleriň toplumy boýunça umumy hem-de amaly sapaklary okadýarlar. Olar talyplara Pul, karz we banklar, Walẏuta kanunçylygy, Daşary döwletlerde pul, karz we banklar, Halkara walýuta-maliýe we karz gatnaşyklary, Türkmenistanyň pul-karz ulgamy ẏaly dersler boẏunça bilim berẏärler. Kafedra ẏurdumyzyñ bank ulgamy we maliẏe edaralary üçin Pul dolanyşygy we karz, Bank işi we maliẏe hünärleri boẏunça ẏokary bilimli hünärmenleri taẏẏarlaẏar.

        Kafedranyñ mugallymlary talyplaryñ ylmy işine ẏolbaşçylyk etmek meselesine hem uly ähmiẏet berẏärler. Kafedranyñ çäklerinde dürli ugurlar boẏunça talyplaryñ ylmy gurnaklary işleẏär. Olarda halypa-mugallymlaryñ ẏolbaşcylygynda talyplar ẏurdumyzyñ derwaẏys ykdysady meselelerine bagyşlanan ylmy temalaryñ, işleriñ, makalalaryñ üstünde işleẏärler, ylmy çykyşlary taẏẏarlaẏarlar. Kafedranyň mugallymlary okuw prosesi üçin möhüm bolan okuw kitaplaryny we gollanmalaryny ýazmak bilen hem işjeň meşgul bolýarlar.