Bedenterbiýe Kafedrasy

        Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymlary Bedenterbiýe dersinden geçirilýän okuwlaryň we sport gurnaklarynyň üsti bilen talyplaryñ berk bedenli, sagdyn bolup ẏetişmekleri, sportuñ dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgul bolmaklary üçin ähli tagallalary edýärler. Institutda talyp ẏaşlaryň bedenlerini berkitmek üçin zerur şertler döredilendir. Uly we kiçi futbol, woleẏbol, basketbol, el pökgüsi, tennis meýdançalary we sportuñ beẏleki desgalary hereket edýär.

        Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda institutyñ talyp ẏaşlary ẏurdumyzyñ ẏokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ arasynda geçirilẏän dürli derejelerdäki sport ẏaryşlaryna işjeň gatnaşẏarlar. Häzirki wagtda institutda talyplar sport kluby hereket edẏär. Institutyñ “Maliẏeçi” woleẏbol, futbol, basketbol toparlary ẏurdumyzda geçirilẏän talyp spartakiadasynda çykyş etmek bilen, bu ugurda öz tejribelerini yzygiderli artdyrẏarlar. Okuw mekdebimiziň “Maliýeçi” woleýbol oglanlar topary ýurdumyzyň ýokary ligasynda çykyş edýär.