Buhgalterçilik Hasaba Alnyşy Kafedrasy

        Buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasy institutda hereket edýän ýöriteleşdirilen kafedralaryň düzümine degişlidir. Kafedrada öz kärine ökde mugallymlaryň birnäçesi zähmet çekýär. Kafedrada Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hem-de Birža işi hünärleriniň talyplarynyň okuw-usuly we ylmy işleriniň guralyşyny üpjün edýär. Şol hünärleriň talyp toparlarynda hünär öwreniş işleriniň guralyşyny amala aşyrýar. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hem-de Birža işi hünärlerine eýe bolan ykdysatçy hünärmenler ykdysadyýetimiziň maliýe, bank, ätiýaçlandyryş, salgyt, gazna we haryt biržalarynda zähmet çekýärler.

        Kafedranyň mugallymlary institutyň ähli fakultetlerinde we hünärlerinde Buhgalterçilik hasaba alnyşy, Statistika, Banklarda buhgalterçilik hasaba alnyşy, Býujet edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyşy, Audit ýaly ýörite ykdysady dersleri okadýarlar.

        Kafedrada okuw-usuly, ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanylýar. Kafedranyň ýanynda talyplaryň ylmy gurnagy hereket edýär. Olarda tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň ylmy-barlag işleri, ylmy dokladlary taýýarlanylýar, ylmy-amaly maslahatlaryň işlerine gatnaşmaklyk guralýar.