Daşary Ýurt Dilleri Kafedrasy

        Daşary ýurt dilleri kafedrasynyñ esasy wezipesi ykdysady ugur boẏunça taẏẏarlanylẏan talyplara iñlis, nemes we rus dillerini Berkarar döwletiñ bagtyẏarlyk döwrüniñ talaplaryna laẏyklykda döwrebap derejede öwretmekden, geljekki ykdysatçy hünärmenleriñ dil taẏẏarlygyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

        Kafedranyň mugallymlary özleriniň esasy wezipesi bolan okuw işi bilen bir hatarda ylmy, guramaçylyk, medeni-köpçülik çärelerine hem işjeň gatnaşýarlar, öz hünär ussatlygyny we okuwyñ hilini ẏokarlandyrmak boẏunça yzygiderli işleri alyp barẏarlar.

        Kafedranyň mugallymlary “Kärhanalaryň marketing strategiýasyny kämilleşdirmekde işewürlik iňlis diliniň ähmiýeti” atly ylmy temanyň üstünde işleýärler. Şol ylmy temanyň netijesinde gazet-žurnallarda, ylmy işleriň ýygyndylarynda makalalar çap edilýär, ylmy-amaly maslahatlarda, duşuşyklarda çykyş edilmegi amala aşyrylẏar. Kafedranyñ garamagynda talyplaryñ ylmy gurnaklary hereket edẏär.