Jemgyýeti Öwreniş Ylymlary Kafedrasy

        Öz kärine ökde, hakyky watansöýüji, Hormatly Prezidentimize wepaly, ýokary ahlakly, intellektual taẏdan ösen, medeniýetli talyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek – her bir ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň mukaddes borjudyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ähli beẏleki ẏokary okuw mekdeplerinde bolşy ẏaly, Türkmen döwlet maliẏe institutynda hem ilkinjileriñ hatarynda “Jemgyẏeti öwreniş ylymlary” kafedrasy döredildi.

        Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynda zähmet çekẏän professor-mugallymlar institutyñ ähli hünärlerinde Türkmenistanyň taryhy, Filosofiýa, Sosiologiýa, Syýasaty öwreniş, Häzirki zaman türkmen jemgyýeti, Adatdan daşary ýagdaýda ilaty goramak we beẏleki jemgyẏeti öwreniş häsiẏetli okuw dersleri boẏunça umumy hem-de söhbet sapaklary okadẏarlar.

        Okuw işleri bilen bir hatarda kafedranyñ mugallymlary ylmy-barlag, ylmy-amaly we usuly işleri hem alyp barẏarlar.

        Kafedranyñ çäklerinde talyplaryñ ylmy gurnagy hereket edẏär. Gurnakda talyplar jemgyẏetçilik häsiẏetli dersleriñ derwaẏys meseleleri boẏunça ylmy çykyşlary edẏärler, şeýle hem ylmy işleri we makalalary taẏẏarlaẏarlar. Kafedranyñ mugallymlary talyplary ylmy bäsleşiklere, okuw dersleri boẏunça olimpiadalara taẏẏarlamak işine hem işjeň gatnaşẏarlar.