Maglumat Tehnologiýalary Kafedrasy

        Maglumat tehnologiẏalary ýöriteleşdirilen kafedralaryň biridir. Bu kafedra Ykdysady informatika hünäri boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Kafedranyň mugallymlary ähli hünärlerde Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, Ykdysadyýetde maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hem-de beýleki tehniki dersler boýunça umumy, amaly we tejribe sapaklaryny okadýarlar, talyplaryñ kompẏuter tejribelerine ẏolbaşçylyk edẏärler.

       Okuw işleri bilen bir hatarda kafedranyñ mugallymlary ylmy-barlag işlerini alyp barmak, talyplaryñ ylmy-döredijilik işlerine ẏolbaşçylyk etmek ẏaly meselelere hem uly ähmiẏet berẏärler. Kafedrada Türkmenistanyñ Ylymlar akademiẏasy tarapyndan bellige alnan tema boẏunça ylmy-barlag işi alnyp barylẏar.

       Kafedranyñ garamagynda häzirki zaman kompẏuter tehnologiẏalarynyñ derwaẏys meselelerini öwrenmäge niẏetlenilen talyplaryñ ylmy gurnagy hem hereket edẏär. Ylmy gurnagyñ maslahatlaryna ähli hünärlerde okaẏan talyplar we kafedranyň ähli mugallymlary işjeň gatnaşẏarlar.