Maliýe Kafedrasy

        Maliẏe kafedrasy institutda hereket edẏän ẏöriteleşdirilen kafedralaryñ biridir. Häzirki wagtda bu kafedranyñ çäklerinde ẏurdumyzyñ maliẏe ulgamy üçin Maliẏe, Maliýe gӧzegçiligi we Maliýe menejmenti hünärleri boẏunça ẏokary bilimli ykdysatçy hünärmenler taẏẏarlanylẏar.

        Kafedranyň mugallymlary institutda taýýarlanylýan ähli hünärlerde talyplara umumy we ýörite hünär ykdysady dersleriň toplumy boýunça umumy hem-de amaly sapaklary okadýarlar. Şeýle hem kafedranyň mugallymlary Türkmenistanyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ӧnümçilikleri ӧsdürmek boýunça ylmy-barlag, ylmy-amaly we usuly işleri alyp barýarlar.

        Kafedranyň mejlislerinde mugallymlar öz kärdeş ýoldaşlarynyň ylmy çykyşlary we habarlary bilen tanyşýarlar. Bu bolsa kafedranyň mugallymlarynyň öz hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Kafedranyň mugallymlary talyplara bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaş mugallymlara halypalyk edýärler. Kafedranyñ garamagynda talyplar üçin birnäçe ylmy gurnaklar hereket edẏär. Olaryñ mejlislerinde Berkarar döwletiñ bagtyẏarlyk döwrüniñ derwaẏys ykdysady meseleleri boẏunça ylmy çykyşlar ara alnyp maslahatlaşylẏar.

        Kafedranyñ tejribeli mugallymlary ykdysady dersler boẏunça okuw kitaplaryny we gollanmalaryny, ylmy makalalary taẏẏarlamak işlerine hem işjeň gatnaşẏarlar.