Ýokary Matematika Kafedrasy

        Ýokary matematika kafedrasynyñ mugallymlary tarapyndan institutyñ ähli hünärleriniñ talyplary üçin Ýokary matematika, Tebigy bilimleriň häzirki zaman taglymatlary, Ähtimallyklar nazaryýeti we matematiki statistika, Ykdysady-matematiki usullar we modeller okuw derslerinden umumy, amaly hem-de tejribe sapaklary okadylýar.

        Kafedrada “Kesgitsizlikde ulag meseleleriniň optimal çözülişi (Ulag ulgamynyň mysalynda)” atly tema boýunça ylmy iş alnyp barylýar. Bu ylmy işi alyp barmaklyga kafedranyň mugallymlary bilen bilelikde talyplar hem çekilýär.

        Talyplara ykdysady terbiýe bermek, ylmy işlere çekmek we olaryň matematiki bilimlerini çuňlaşdyrmak maksady bilen, kafedrada ylmy gurnak işleẏär. Ylmy gurnagyň agzalary belli bir temalaryň üstünde işläp, öz eden işlerini ylmy bäsleşiklere hödürleýärler we dürli derejedäki geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara gatnaşẏarlar, temalary boýunça ylmy makalalary çap edýärler. Gurnagyň agzalaryndan bilim taýdan has ökdeleri institutda we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşýarlar.