Salgytlar we Salgyt Salmak Kafedrasy

        Salgytlar we salgyt salmak kafedrasy institutyň düzüminde hereket edýän ýöriteleşdirilen kafedralaryň biridir. Kafedra tarapyndan institutyň ähli hünärlerinde Salgytlar we salgyt salmak, Salgyt menejmenti, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy ýaly derslerden talyplara okuw sapaklary geçilýär. Kafedra Salgytlar we salgyt salmak hünärine gözegçilik etmek bilen, bu hünärleriň talyplaryna ähli zerur bolan okuw-usulyýet, tejribe hem-de ylmy-barlag işleri alyp barýar. Bu hünär boýunça taýýarlanylýan ykdysatçy hünärmenler salgyt ulgamy bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda hem zähmet çekýärler.

        Kafedranyň mugallymlary okuw prosesi bilen birlikde, okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamak, ylmy-barlag işleri alyp barmak bilen işjeň meşgul bolýarlar. Mugallymlar we talyplar dürli derejelerde geçirilýän ders we ylmy işleriň taslama bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Kafedranyň ýanynda talyplaryň ylmy gurnagy hereket edýär.