Ykdysady Nazaryýet Kafedrasy

        Ykdysady nazaryýet kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan institutyň ähli hünärleriniň talyplary üçin Ykdysady nazaryýet, Dünýä ykdysadyýeti we halkara ykdysady gatnaşyklar, Türkmenistanyň ykdysadyýeti, Zähmetiň ykdysadyýeti we bazary, Durnukly ösüşiň ykdysadyýeti okuw derslerinden umumy we amaly sapaklar geçirilýär.

        Kafedranyň mugallymlary ykdysady nazaryýet ylmy gurnagyna gatnaşýan talyplara ýolbaşçylyk edýärler, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýärler.