SANLY BILIM

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda meýilleşdirilen giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim tory döredildi. Bu tora Türkmen döwlet maliýe institutynyň içki tory birikdirildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanmak maksady bilen, okuw prosesine sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy. Häzirki wagtda institutyň internet web saýty (tdmai.edu.tm) we bilim portaly hereket edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky innowasiýa maglumat merkeziniň ýardam bermeginde internet arkaly elýeterli bolan Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilim portaly (tdmai.nesil.edu.tm) döredildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň içki we internet bilim portallaryna okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materillary, tanyşdyryşlar we beýleki maglumatlar ýerleşdirilýär. Institutda täze sanly okuw otagy döredildi. Bu okuw otagy internet, häzirki zaman kompýuterler, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Beýleki okuw otaglarda hem kompýuter tehnikalary we interaktiw tagtalar bar.

Institutda uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Talyplaryň we professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we hyzmatdaş daşary ýurtlary uniwersitetleri bilen onlaýn wideo okuwlary hem-de maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmen döwlet maliýe institutynda elektron kitaphanasy hereket edýär. Bu elektron kitaphanasynyň gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ylmy-baglag işlerini

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we professor-mugallymlary okuw, ylmy we usuly işlerinde sanly bilimiň mümkinçiliklerinden gündelik peýdalanýarlar.