Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary

1092
TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY

«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadasyna

ÇAKYLYK

    Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu olimpiadanyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys. 
     Olimpiadanyň resmi dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleridir.
     Olimpiada talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler.
     Olimpiada okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 4-den (dörtden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.
     Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenilýär.
     Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň
     http://tdmai.edu.tm web sahypasynda ýerleşdiriler.
     Olimpiada gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji Goşunda laýyklykda 2025-nji ýylyň 10-njy dekabryna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna iberilmeli.
     Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon: +993 12 49 88 52, +993 65 65 12 44, +993 65 01 74 85 


Olimpiadanyň guramaçylyk topary

Gatnaşyjylar
«Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça geçiriljek Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylar


Netijeler
Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça 2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda geçirilen Açyk halkara internet olimpiadasynyň netijeleri

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309