Buhgalterçilik hasaba alnyşy
69“Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşiginiň netijeleri
Türkmen döwlet maliýe instituty «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, talyplaryň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda nazary bilimlerini çuňlaşdyrmak we amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de buhgalterçilik hasaba alnyşy çygryndaky ukyplaryny ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige ýurdumyzyň çägindäki 13 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 38 talyp gatnaşdy. Bu onlaýn ders bäsleşiginde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary ýokary netijeleri görkezdiler we ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan talyp ýaşlar I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandy.