Maliýe
64Maliýe fakultetiñ düzüminde üç sany kafedra hereket edýär: Maliýe, Ykdysady nazaryýet we Daşary ýurt dilleri. Fakultetde şu ugurlar boýunça hünärmenler we bakalawrlar taýýarlanylýar: «Maliýe», «Maliýe gözegçiligi», «Maliýe menejmenti», «Halkara maliýe».
Fakultetiň uçurymlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi, welaýat we etrap bölümlerinde, banklarda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, biržalarda, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki kärhanalarda, ylmy-barlag we beýleki edaralarda zähmet çekýärler.
Fakultetiniñ kafedralarynda dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ol işler milli ykdysadyẏetimizi ösdürmegiñ derwaẏys meselelerine bagyşlanandyr. Şol işleri ýerine ýetirmäge fakultetiň professor-mugallymlary bilen bir hatarda talyp ýaşlar hem işjeñ çekilýär. Olar ýurdumyzda, daşary ýurtlarda, institutda we fakultetde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda çykyş edýärler, döwürleýin neşirýatda ylmy makalalary yzygiderli çap edýärler. Talyp ẏaşlar döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine we halkara internet olimpiadalaryna, dürli ylmy bäsleşiklere, şeýle hem institutyň kafedralarynda hereket edýän ylmy gurnaklara işjeň gatnaşẏarlar.