Daşary ýurt dilleri
158Kafedranyň mugallymlary taýýarlygyň ugurlarynyň ählisinde «Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili», «Taýýarlygyň ugry boýunça rus dili», «Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti» dersleri okadýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky 519-njy Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde kafedrasynyň mugallymlary okuw, ylmy, usuly we beýleki işleri alyp barýarlar.
«Daşary ýurt dilleri» kafedrasynyň mugallymlarynyň awtorlygynda «Мультимедийные средства обучения иностранному языку в экономических вузах Туркменистана: Монография», «Использования песен, рифм и игр в преподавании иностранных языков. Монография» daşary ýurtda neşir edildi.
Kafedrada «Kärhanalaryň marketing strategiýasyny kämilleşdirmekde işewürlik iňlis diliniň ähmiýeti» ylmy tema boýunça ylmy-barlag işi ýerine ýetirilýär we «Dilim – baýlygym», «Dilim bar – dünýäm bar», «Ruhy hazyna» ylmy gurnaklary hereket edýär. Ylmy žurnallarda kafedranyň mugallymlarynyň makalalary çap edilýär. Olar ylmy gurnaklara gatnaýan talyplaryň ylmy işlerine ýolbaşçylyk edýärler, talyplary halkara we döwlet derejelerinde geçirilýän ders olimpiadalaryna hem-de ylmy işleriň bäsleşiklerine taýýarlaýarlar.