C5+ONE

635
C5+ONE sebitleýin maksatnamasynyň okuw maslahatyna Türkmenistanly mugallymlar gatnaşdy

2025-nji ýylyň 7-nji iýulyndan 4-nji awgusty aralygynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Daşary ýurt dilleri» kafedrasynyň mugallymy Dilber Mudarowa ýurdumyzyň birnäçe umumy bilim berýän orta, orta hünär we ýokary hünär okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň 25-si bilen bilelikde ABŞ-nyň C5+ONE sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde boldy. 
C5+ONE (Opening Networks through English – iňlis dili arkaly hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak) maksatnamasynyň çäresi Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan – Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan 180-den gowurak iňlis dili mugallymlaryny bir ýere jemledi. Bu maksatnama laýyklykda guralan okuw maslahaty Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlaryndan gelen mugallymlary üçin häzirki zaman biliminiň talaplaryna laýyk okuw usullaryny öwretmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we tejribe alyşmak babatynda döredilen täsirli meýdança hökmünde çykyş etdi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar hünär taýdan okatmagyň uýgunlaşdyrylan bilim maksatnamasy esasynda iňlis dili boýunça taýýarlygyň ýygjam okuwlaryny geçdiler. Amaly okuwlaryň hem-de ussatlyk sapaklarynyň dowamynda mugallymlar iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usulyýetlerini öwrendiler, iňlis diline erk edip biliş derejelerini ýokarlandyrmagyň, bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmegiň üstünde yhlasly işler geçirdiler. Şeýle hem mugallymlar şahsy tejribelerini alyşdylar hem-de talyplary okatmak işinde iňlis dilini öwretmegiň öňdebaryjy tejribelerini hem-de sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň üstünlikli nusgalaryny paýlaşdylar.
  
Bu okuw maslahaty mugallymlar üçin bilim maksatnamasynyň ikinji tapgyrydyr. Umuman, maksatnama özara baglanyşykly üç tapgyry özünde jemleýär. Olaryň ilkinjisi 2025-nji ýylyň 13-nji maýyndan 9-njy iýuny aralygynda onlaýn-okuwlar görnüşinde geçdi. 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2026-njy ýylyň mart aýy aralygynda geçiriljek üçünji tapgyryň çäklerinde torlary döretmek, hyzmatdaşlyk etmek we hünär taýdan ösmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.
 

C5+ONE sebitleýin maksatnamasy iňlis dili boýunça ýygjam okuwlary, milli we sebitleýin okuw maslahatlary, webinarlary we onlaýn-aragatnaşyklary, desgalara barlyp görülmegini hem-de hünär taýdan ösmäge degişli çäreleri, halypaçylygy we uçurymlar bilen gatnaşyklary özünde jemleýär.

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309