HPG Gazagystan Respublikasy

44
Türkmenistan – Halkara Pul Gaznasy: mümkinçilikleri ösdürmek üçin sebitleýin maslahat

     2026-njy ýylyň 25-26-njy fewraly aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralýan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan Sebitleýin maslahata Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Maliýe kafedrasynyň müdiri A. Muhanow we Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ykdysady nazaryýet kafedrasynyň uly mugallymy R. Jumaýew gatnaşdylar.


      Bilşimiz ýaly, Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça Sebitleýin Merkezi (CCAMTAC – The Caucasus, Central Asia, and Mongolia Regional Capacity Development Center) 2021-nji ýylda döredildi. Merkez HPG-niň sebit edarasy bolmak bilen, dokuz sany agza döwleti (Ermenistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) bardyr. Merkeziň ştab kwartirasy Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýär. 100 million ilatly, depginli ösýän sebite hyzmat edýän bu Merkez ykdysady syýasaty we institusional ösüşi goldamak, ykdysady ösüşiň täze inkluziw hereketlendirijilerini kesgitlemek we sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek üçin HPG-niň sebitdäki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda möhüm edara bolup durýar. Bu sebit merkezi 17 sany mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin ösüş merkezlerinden ybarat bolan HPG-niň global ulgamyna girýär. Merkeziň işi tehniki kömek, okuw maslahatlary we seminarlar arkaly mümkinçilikleri ösdürmek hyzmatlaryny hödürlemäge, şeýle hem täze ileri tutulýan ugurlara çeýe jogap bermegi üpjün etmek üçin sebitleýin zerurlyklary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlyk ulgamlaryny döretmäge gönükdirilendir. Agza döwletlerden başga-da, Merkeziň ösüş boýunça hyzmatdaşlary hem bardyr. Olara Şweýsariýa Konfederasiýasy, Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Koreýa Respublikasy, ABŞ ýaly döwletler hem-de Ýewropa Bileleşigi we Aziýa Ösüş Banky ýaly halkara düzümler degişlidir.
       Sebitleýin maslahaty HPG-niň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa departamentiniň direktorynyň orunbasary Subir Lall açdy hem-de HPG-niň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça Sebitleýin Merkeziniň direktory Holger Flýorkemaýer gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Maslahat soňra birnäçe tematiki bölümler bilen dowam etdirildi.
         Sebitleýin maslahatyň 1-nji bölümi “Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) orny we wezipleri” diýlip atlandyryldy. Bu sessiýada HPG-niň işi, dolandyryş gurluşy we esasy wezipeleri düşündirildi hem-de HPG-niň öz gurallaryny we syýasatyny agza ýurtlarynyň aýratyn zerurlyklaryna nähili uýgunlaşdyrýandygy beýan edildi. Soňky ýyllarda HPG-niň dünýäniň häzirki zaman kynçylyklaryna has netijeli jogap bermegine mümkinçilik beren özgertmeler, şeýle hem bu halkara maliýe edarasynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde tutýan orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitleýin maslahatyň 2-nji bölüminiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar özleriniň alyp barýan häzirki ylmy barlaglarynyň mazmunyny gysgaça beýan etdiler. Türkmen tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň netijesinde durnukly ösüşiň gazanylýandygyny, maliýe we pul-karz ulgamynyň netijeli işleýändigini, salgyt-býujet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny, alnyp barylýan ykdysady syýasatynyň ylmy taýdan barlaglara esaslanýandygyny aýratyn bellediler. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän kynçylyklara garamazdan Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri ösüşiň depginli dowam edýändigini tassyklaýar. “Kawkaz we Merkezi Aziýa üçin makromaliýe meýiller we çaklamalar” atly 3-nji bölümde sebit üçin soňky makromaliýe meýillerine we çaklamalaryna, şol sanda esasy töwekgelçiliklere umumy syn berildi. Şeýle hem sebitiň geljegini kemala getirmekde möhüm orna eýe bolan ykdysady syýasatlara seljerme berildi. Munuň özi HPG-niň bu sebitde alyp barýan işiniň esasy ugurlaryna düşünmäge mümkinçilik berdi. 
      “Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady goşulyşma we uzak möhletleýin ösüş” atly 4-nji bölüminiň çäklerinde HPG-niň bilermenleri sebitleýin integrasiýanyň mümkinçiliklerine we kynçylyklaryna ünsi çekip, özara baglanyşygyň, infrastruktura maýa goýumlarynyň we söwda diwersifikasiýasynyň ösdürilmeginiň hasabyna sebitiň ykdysady durnuklylygyny ýokarlandyryp biljekdigini bellediler. Şeýle hem sebitleýin integrasiýanyň döwletiň içerki gurluş özgertmeleri bilen utgaşdyrylyp, uzak möhletleýin ykdysady ösüşe ýardam berip biljekdigi nygtaldy. Gatnaşyjylar ählumumy söwda akymlaryndaky üýtgeşmeleriň netijelerini, sanly pullary we töleg platformalaryny öz içine alýan serhetüsti hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem-de täze söwda geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem dünýäniň soňky geosyýasy wakalarynyň sebitiň ykdysady hyzmatdaşlygyna täsiri seljerildi.
         Sebit maslahatynyň 5-nji bölümi “Pul-karz syýasaty we hümmetsizlenmäni dolandyrmak” diýlip atlandyryldy. Bu bölümde içerki islegiň ýokarlanmagynyň we import bahalarynyň täsiri şertlerinde hümmetsizlenmäni dolandyrmak hem-de pul-karz syýasatynyň ygtybarlylygyny saklamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde soňky döwürde ýüze çykýan hümmetsizlenmäniň meýilleri, pul-karz syýasatynyň düzgünleriniň orny hem-de walýuta kursunyň çeýeligi bilen durnuklylygyň arasyndaky deňagramlylyk seljerildi. Bu işlerde Merkezi banklaryň aýratyn işiniň orny bellenildi.
       “Fiskal syýasaty - näbellilik şertlerinde ätiýaçlyklary döretmek” atly 6-njy bölümde global näbelliligiň ýokarlanýan şertlerinde durnuklylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen fiskal syýasatynyň strategiýalary beýan edildi. Bilermenler tarapyndan 2026-njy ýyldan başlap, döwlet maliýe dolandyryşynyň netijeli bolmagynyň, maliýe serişdeleriniň ätiýaçlyklarynyň (fiskal buferleriniň) täzeden dikeldilmeginiň we maliýe syýasatynyň berkemegine garaşylýan döwürde bergileriň oňaýsyz ýagdaýlaryny azaltmagyň zerurlygyna üns berildi. Ara alyp maslahatlaşmalarda döwlet býujetiniň ýetmezçiliginiň we döwletiň bergisiniň azaldylmagyna gönükdirilen çäreleriň (fiskal konsolidasiýasynyň), girdejileriň döredilmeginiň (mobilizasiýasynyň) we çykdajylaryň maksatlaýyn ulanylmagynyň (rasionallaşdyrylmagynyň) iň gowy tejribeleri, şeýle hem uzakmöhletleýin maýa goýumlaryny we durmuş üpjünçilik ulgamyny goldamak üçin ygtybarly orta möhletli maliýe ulgamynyň ähmiýeti nygtaldy.
     Sebitleýin maslahatyň “Diwersifikasiýa we ykdysady ösüş üçin gurluş özgertmeleri” atly 7-nji bölüminde Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady diwersifikasiýa we durnukly ösüşe ýardam bermek üçin zerur bolan gurluş özgertmeleriniň gün tertibi seljerildi. Hususan hem döwletiň ykdysadyýeti kadalaşdyrmagynyň täsirini azaltmak, hususy pudagy ösdürmek, dolandyryşy kämilleşdirmek we sanly özgertmeleriň mümkinçiliklerini ulanmak ýaly meseleler beýan edildi. Aýry-aýry ýurtlaryň tejribesine we HPG-niň maslahatlaryna esaslanyp, önümçiligi ýokarlandyrmakda, maýa goýumlaryny çekmekde we daşarky ýagdaýlara durnuklylygy güýçlendirmekde özgertmeleriň zerurdygy nygtaldy.
       8-nji bölümde Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde zähmet bazarynyň ösüşine bagyşlandy. Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi, resmi däl iş bilen üpjünçilik, zähmet migrasiýasy, zähmet bazarynyň talaplarynyň üýtgemegi we işgärleriň hünär endiklerini ösdürmek ýaly meselelere seredildi.
    Umuman, Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan guralýan «Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ykdysady syýasatyň ugurlary we sebitleýin durnuklylyk» atly sebitleýin maslahaty ykdysady bilimleri artdyrmakda, tejribe alyşmakda, dünýäniň maliýe ederalarynyň işin öwrenmekde, sebit döwletleriniň maliýe-ykdysady yagdaýyny we ykdysady syýasatlaryny seljermekde netijeli we ähmiýetli çärä öwrüldi. Şeýle halkara derejesindäki sebitleýin maslahata gatnaşmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!




Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309