Hytaý Halk Respublikasy

693

Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen “Internet + senagat
marketinginde sanly mediatehnologiýalary ulanmak” boýunça halkara okuw
maksatnamasy


Türkmenistanyň bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy Serdar Agalykow, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Zähmet we hünär okuwy bölüminiň ylmy işgäri Sadykow Muhammet hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat goramagyň innowasion tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Nazarow Tahyr 13.07.2025ý. - 03.08.2025ý. aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň guramagynda Sian we Ýançžou şäherlerinde geçirilen “Internet + senagat marketinginde sanly mediatehnologiýalary ulanmak” boýunça halkara okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.
Bu okuw maksatnamasyna Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary hem gatnaşdylar. Üç hepdelik okuw saparlarynyň maksady bilim işgärleriniň sanly tehnologiýalar, sanly marketing hem-de halkara bilim hyzmatdaşlygy boýunça bilimlerini, başarnyklaryny we tejribelerini kämilleşdirmekden ybarat boldy.
Okuw maksatnamasynyň çäginde gatnaşyjylar Hytaýyň häzirki zaman sanly ugurlardaky täze gazananlary bilen tanyşdylar we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tejribe alyşdylar. Şeýle hem, Hytaýyň taryhy-medeni ýadygärliklerine baryp görmek mümkinçilikleri döredildi.


Häzirki döwürde sanly mediatehnologiýalar jemgyýetiň ähli ugurlaryna aralaşyp, maglumatlary taýýarlamakda, paýlaşmakda we öwretmekde möhüm orny eýeleýär. Bilim ulgamynda bu tehnologiýalar sanly sapaklary taýýarlamakda, talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde we maglumatlary çalt hem netijeli ýetirmekde giňden ulanylýar. Marketingde bolsa sanly mediatehnologiýalaryň orny has-da artýar. Olar maglumatlary döwrebap görnüşde hödürlemäge, internet arkaly giň diňleýji toparlaryna ýetirmäge we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Mediatehnologiýalary netijeli ulanmak ýokary okuw jaýlarynda okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň sanly başarnyklaryny ösdürmäge we täze tejribeleri ornaşdyrmaga ýardam edýär.
Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen marketing ulgamynda hem täze mümkinçilikler döräp başlady. Häzirki wagtda sanly marketing kärhanalaryň we guramalaryň hyzmatlaryny ýa-da önümlerini giň diňleýji toparlaryna ýetirmekde iň täsirli usullaryň biri hasaplanylýar. Sanly marketingiň esasy artykmaçlyklaryndan biri – maglumatlary dogry seljermek we maksatly diňleýjilere ýetirmekdir. Sosial media, internet sahypalary we sanly maglumat serişdeleri arkaly görkezilýän hyzmatlaryň netijeliligi artýar, gatnaşyjylar bilen göni aragatnaşyk gurulýar.
Bilim ulgamynda hem sanly marketing giňden ornaşdyrylýar. Ol ýokary okuw jaýlarynyň halkara derejesinde özüni tanatmagyna, hyzmatdaşlygy giňeltmegine we ýaşlara sanly düşünjeleri öwretmegine mümkinçilik berýär.
Sanly marketing – häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösmegi we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen aýakdaş gitmegi üpjün edýän möhüm ugurlardan biridir.
Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri we sebitdäki abraýly bilim merkezleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Okuw maksatnamasynyň çäginde Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekili geljekde hem Şensi ylym we tehnologiýa uniwersiteti bilen bilelikde ähtnama gol çekişmek barada pikirleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw maksatnamasynyň ahyrynda sapaklary üstünlikli tamamlanlara ýörite diplomlar gowşuryldy. Bu diplomlar gatnaşyjylaryň sanly tehnologiýalar we sanly marketing ugurlary boýunça täze bilimler we başarnyklar edinendigini tassyklaýar.






Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309