Amerikanyň Birleşen Ştatlary (Billings)
137Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň, şol sanda Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekiliniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming we Montana ştatlaryndaky ýokary okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 18-28-nji oktýabry aralygynda guralan gulluk iş sapary
Billings Montana döwlet uniwersiteti
(Billings şäheri, Montana ştaty, ABŞ)
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabry

Gulluk iş saparynyň dowamynda 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiň agzalary ABŞ-nyň Montana ştatynyň Billings Montana döwlet uniwersitetine (MSUB) bardylar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Montana ştatynyň Billings Montana döwlet uniwersitetiniň kampusyna aýlanyldy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli bilim syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyryldy, iki döwletiň ýokary we orta hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hyzmatdaşlygyň aşakdaky geljegi bar bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy:
1. Bilim çygryndaky alyş-çalyşlar: Talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyşy, elektron kitaphanalaryň gorunyň alyş-çalyşy, onlaýn umumy okuw sapaklaryny guramak, umumy elektron maglumat çeşmelerini peýdalanmak. Montana ştatynyň Billings Montana döwlet uniwersiteti okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak boýunça çäreleri alyp barmak hödürlenildi.
2. Ylmy-barlag hyzmatdaşlygy: iki tarapy gyzyklandyrýan temalar boýunça bilelikdäki taslamalar. Türkmen tarapy bilimde sanly özgermeler, maliýe, menejment, işewürlik, buhgalterçilik hasaba alnyşy, pedagogika we iňlis dili ugurlary boýunça bilelikdäki ylmy işler we makalalary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.
3. Medeni we akademiki başlangyçlar: Ylmy maslahatlary, seminarlary we tomusky mekdepleri guramak. Bilelikdäki taslamalary grantlar arkaly maliýeleşdirmek.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary uniwersitetiň taryhy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. MSUB öň Gündogar-Montana mugallymçylyk kolleji diýlip atlandyrylypdyr. Ol 1927-nji ýylda döredilip, ilkinji ýyllarda mugallymlary taýýarlamak maksady bilen hereket edip başlaýar. Häzirki wagtda MSUB ABŞ-nyň Montana ştatynyň iň esasy, ýagny ştatyň üçünji iň uly ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Uniwersitetde bilim alýan talyplaryň sany 4 müňden gowrak bolup, olaryň aglabasy bakalawr derejesinde okaýar. Şeýle hem magistr derejesinde hem okamak üçin mümkinçilikler döredilendir. Uniwersitet jemi bäş bölekden ybarat:
1. Erkin sungat we durmuş (sosial) ylymlary boýunça kollej;
2. Işewürlik kolleji;
3. Mugallymçylyk kolleji;
4. Saglygy goraýyş hünärleriniň we ylymlaryň kolleji;
5. “City College” arkaly 2 ýyllyk ýörite hünär (ýokarlandyryş) taýýarlygy.
MSUB häzirki wagtda onlaýn we HyFlex görnüşindäki okuwlara aýratyn üns berýär. HyFlex – garyşyk (gibrid) görnüşindäki bilim bermegiň täze görnüşi bolup, talyplar hem gündüzki, hem onlaýn görnüşde bilim alyp bilýärler. Özünde gündüzki hem-de onlaýn okuwlaryň elementlerini jemleýär. Bu mümkinçilik uzak sebitlerde ýaşaýan talyplar üçin örän amatly bolup durýar. Şeýle-de MSUB jemgyýetçilik bilen berk arabaglanşyk saklaýar. Uçurymlaryň köpüsi ýerli ykdysadyýetde işläp, ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşýarlar.
Maliýe taýdan MSUB öz hojalyk (kapital) serişdesine, grantlara we döwlet goldawyna daýanýar. Bu bolsa oňa häzirki döwrüň sanly we pedagogik mümkinçiliklerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary MSUB-niň daşary ýurt talyplary bilen işleýän bölümiň işleri tanyşdyryldy. Talyplaryň sanly hasaba alnyşy, bölümde talyplar üçin döredilen şertler, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň mümkincilikleri barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem MSUB-niň kitaphanasyna we IT-goldamak bölümine baryldy. Kitaphananyň gurluşy, kitaphana gory, merkezi elektron žurnallar, Sringer elektron kitaphana, professor-mugallymlar we talyplar üçin hödürlenilýän hyzmatlar barada giňişleýin düşündirildi. Kitaphana tarapyndan okaýjylaryň sanly hasaba alnyşyny kompýuter tehnologiýalary arkaly görkezildi. MSUB-niň kitaphanasynyň we beýleki uniwersitetleriniň kitaphanalarynyň arasynda talyplar we professor-mugallymlar üçin zerur bolan kitaplary (gollanmalary) alyşmak babatynda ýola goýlan gatnaşyklar barada gürruň berildi. Talyplar kitaphananyň üç gatynyň islendik birinde özbaşdak işlerini ýerine ýetirmäge, dynç almaga ýa-da topardaşlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge rugsat berilýär. Kitaphanada talyplaryň dürli zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin şertler bar, mysal üçin, okuw otaglary, naharhana görnüşli kabinalar, dürli kreslolar. Okuw otagy gerek bolsa, öňünden otag bronlap bolýar, ýöne bronlamak hökman däl hasaplanýar. Kitaplaryň satuw awtomatlary kitaphananyň 2-nji gatdaky foýelerde ýerleşýär.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary MSUB-niň Işewürlik kollejiniň dekany Susan Gilbertz hem-de Erkin sungat we durmuş (sosial) ylymlary kollejiniň dekany Tami Haaland bilen söhbetdeşlik geçirdiler. MSUB-niň Işewürlik kollejiniň dekany Susan Gilbertz ýolbaşçylyk edýän düzüm birliginde Buhgalterçilik hasaba alnyşy, Maliýe, Umumy işewürlik, Menejment, Marketing ugurlary boýunça hereket edýän bakalawr maksatnamalary, maliýe we ykdysadyýet bilen baglanyşykly alnyp barylýan ylmy işler barada belledi. MSUB-niň Erkin sungat we durmuş (sosial) ylymlary kollejiniň dekany Tami Haaland öz gezeginde pedagogika, ynsanperwer ylymlary, psihologiýa maksatnamalary boýunça bakalawrlaryň taýýarlanylyşy, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy barada giňişleýin maglumatlary türkmen wekileýitiniň agzalarynyň dykgatyna ýetirdi.

Türkmen wekileýitiniň agzalarynyň we MSUB-niň Işewürlik hem-de Erkin sungat we durmuş (sosial) ylymlary kollejleriniň dekanlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe sorag-jogaplary alyşdylar.
MSUB-niň ynsanperwer ugurly dersleri okadýan mugallymyň umumy okuw sapagyna türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmak mümkinçiligi döredildi. Umumy okuw sapagyny geçirmek üçin bar bolan tehniki üpjünçiliginiň ýokarydygyna, okatmagyň öňdebaryjy usulynyň peýdalanylýandygyna, öwredilýän temanyň aýry-aýry bölekleriniň sorag-jogaplar alyşmak görnüşinde berkidilýändigine göz ýetirildi.
MSUB-de bakalawrlary taýýarlamagyň esasy ugurlarynyň biri bolan Saglygy goraýyş hünärleriniň we ylymlaryň kollejiniň dekany Kurt Toenjes türkmen wekiliýetiniň agzalaryny okuw we tejribe işleriniň alnyp barlyşy bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Ol hereket edýän maksatnamalar, tejribehanada döredilen şertler, tejribe işlerini alyp barmakda ulanylýan enjamlar, material üpjünçilik hem-de dürli ýyllarda okaýan talyplaryň ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirişlerini düşündirdi.

Türkmen wekiliýetiniň we MSUB-niň ýolbaşçylarynyň giňişleýin düzümde gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça maslahat geçirildi. MSUB-niň prezidenti Stefani Gray Hicswa we onuň orunbasary Lee Vartanian çykyş etdiler. Türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin maglumat berdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hil ölçeglerine laýyklykda okuw maksatnamalarynyň täzelenýändigi, sanly bilimiň ösýändigi, döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyň giňeldilýändigi, ylmy-barlag işjeňliginiň artýandygy, uniwersitetleriň halkara reýtinglere gatnaşýandygy nygtaldy. Soňra ýurdumyzyň degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleri bilen MSUB-niň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýulmagynyň ähmiýeti bellenildi. MSUB-niň ýolbaşçysy hem öz çykyşynda ykdysadyýet, menejment we halkara işewürlik ugurlarynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny, ylmy-barlag işlerini hem-de talyp alyş-çalyş programmalaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy.
MSUB-niň Canvas LMS bilim portalyndan bilelikde peýdalanmak pikiri goldanyldy. Bu platforma bilelikde sapak geçmek, okuw kurslarynyň bar bolan ülňülerini ulanmak we okadylýan okuwyň mazmunynyň özleşdirilişini yzygiderli yzarlamak üçin ulanylar.
Maliýe we ykdysadyýet babatda Türkmen döwlet maliýe instituty bilen MSUB-niň Işewürlik kollejiniň arasynda, şeýle hem ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleri bilen MSUB-niň Mugallymçylyk kollejiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan Özara düşünişmek barada Ähtnamanyň we Ýol kartanyň taslamalary MSUB-ine gowșuryldy.

Billings Montana döwlet uniwersitetinde geçirilen birnäçe iş duşuşyklary Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde, innowasion tejribeleriň ornaşdyrylmagynda we ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilim mümkinçiliklerine gatnaşmagynda möhüm ädim boldy.
