Amerikanyň Birleşen Ştatlary (Bozmen)
160Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň, şol sanda Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekiliniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming we Montana ştatlaryndaky ýokary okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 18-28-nji oktýabry aralygynda guralan gulluk iş sapary
Bozmen Montana döwlet uniwersiteti
(Bozmen şäheri, Montana ştaty, ABŞ)
2025-nji ýylyň 23-nji oktýabry


Gulluk iş saparynyň dowamynda Bozmen Montana döwlet uniwersitetine barmaklygyň maksady:1. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Montana ştatynyň Bozmen Montana döwlet uniwersiteti bilen tanyşmak.2. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli bilim syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrmak.3. Ýokary we orta hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak.Hyzmatdaşlygyň şu aşakdaky geljegi bar bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy:
- Bilim çygryndaky alyş-çalyşlar: Talyplary we mugallymlary alyşmak, onlaýn umumy okuw sapaklaryny guramak, umumy elektron maglumat çeşmelerini peýdalanmak. Montana ştatynyň Bozmen Montana döwlet uniwersitetiniň wekilleri okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak boýunça çäreleri alyp barmagy makulladylar.
- Ylmy-barlag hyzmatdaşlygy: taraplaryň ileri tutýan ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalar. Türkmen tarapy bilimde sanly özgertmeler, maglumat howpsuzlygy, okatmakda emeli aňy ulanmak, okatmagyň STEM usulyýeti boýunça tejribe alyşmak, tebigy we takyk ylmy ugurlar, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ykdysadyýet, pedagogika we iňlis dili ugurlaryndan bilelikde ylmy-barlag işleri ýerine ýetirmek we makalalary taýýarlamak hem-de talyplaryň arasynda dürli bäsleşikleri, şol sanda Hakaton bäsleşigini geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.
- Medeni we akademiki başlangyçlar: Ylmy maslahatlary, seminarlary we tomusky mekdepleri guramak. Bilelikdäki taslamalary grantlar arkaly maliýeleşdirmek.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň Montana ştatynyň Bozmen Montana döwlet uniwesitetiniň halkara hyzmatdaşlygy boýunça bölümiň başlygynyň assistenti Patriсk Mooney tarapyndan talyplaryň özbaşdak okuw işleri alyp barýan binasynda, umumy yaşaýyş jaýynda döredilen şertler, talyplar geňeşiniň we gurnaklaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary uniwersitetiň dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň taýýarlanýan okuw binalary – takyk, tebigy we ynsanperwer ylymlaryna degişli, şeýle hem oba hojalygy we tebigaty goramak ugurlary boýunça talyplaryň okadylýan binalarynyň şertleri, olarda okuw prosesini alyp barmaga degişli işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, inženerçilik fakultetiniň dekany tarapyndan uniwersitetiň ýurduň ykdysadyýetini, syýasatyny ösdürmekde meşhurlyk gazanan uçurymlarynyň maliýe goldawyny bermeginde gurlan okuw binalary, olaryň enjamlaşdyrylyşy barada maglumat berildi. Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalaryna häzirki zaman dillerini, esasan, ispan, nemes, fransuz, hytaý, ýapon dillerini mekdepde okatmak üçin öwredilýän fakultetiň işleri bolen gysgaça tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Bozmen Montana döwlet uniwersitetinde bakalawrlary taýýarlamagyň esasy ugurlarynyň biri bolan inženerçilik fakultetiniň dekany, himiýa we biologiýa ylmy-barlag işleri boýunça professory Jeff Heýs türkmen wekiliýetiniň agzalaryny okuw we tejribe işleriniň alnyp barlyşy bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Fakultetiň ýolbaşçysy ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin taýýarlanylýan inženerçilik ugurly talyplaryň okadylýan okuw otaglarynda, tejribehanalarynda döredilen şertler barada hem-de tejribehanadaky enjamlary ulanyp, talyplaryň özbaşdak işlerini ýerine ýetirişlerini düşündirdi. Uniwersitetiň inženerçilik fakultetiniň aýratyn zehinli talyplarynyň alyp barýan amaly ähmiýetli işleriniň önümçilige hödürlenilişi, olaryň önümçilikde eýeleýän orunlary barada gürrüň berdi.


Türkmen wekiliýetiniň we Bozmen Montana döwlet uniwesitetiniň inženerçilik fakultetiniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça maslahat geçirildi. Maslahatda inženerçilik fakultetiniň we türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Inženerçilik fakultetiniň ýolbaşçysy çykyşynda, esasan, okuw işleriniň tejribe-taslama işleri bilen utgaşykly alnyp barlyşyny, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hem çykyşynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilişi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin beýan etdi.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary degişli ugurlar – tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ulanmak, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda professor-mugallymlaryň arasynda özara tejribe alyşmak, talyplar üçin wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw seminarlaryny geçirmek boýunça daşary ýurt kärdeşleri bilen anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Bozmen Montana döwlet uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada hem teklipleri berdiler.
Türkmen wekiliýetiniň düzümindäki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri tarapyndan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy ugurlary hökmünde şu aşakdaky teklipler hödürlenildi:
- ikitaraplaýyn okuw maksatnamalary arkaly talyplaryň bilimini halkara tejribesi bilen baýlaşdyrmak maksady bilen, Department of Earth Sciences (Geography & GIS), Department of Ecology, Land Resources & Environmental Sciences (LRES), Department of Education maksatnamalaryny giňişleýin öwrenmek we okuw işinde ulanmak;
- geoinformasion ulgamy (GIS) ugry boýunça maglumatlary ýygnamak, seljermek we kartalary düzmek, dürli ulgamlaryna geçirmek; Tebigy serişdeler, suw we ýer dolandyryşy boýunça maglumatlar binýadyny döretmek;
- paleontologiýa ugry boýunça galyndylary, geologik kesimleri ylmy taýdan çuňňur öwrenmek;
- emeli aň boýunça bilelikde okuw maksatnamalary döretmek we ýerine ýetirmek;
- Hakatonlar, halkara bäsleşikler we innowasion taslamalar arkaly ýaşlary emeli aň boýunça işjeňleşdirmek;
- hyzmatdaşlygyň anyk çäreleri boýunça Ýol kartalaryny taýýarlamak we çäreleri maliýeleşdirmek üçin maksatnamalary bilelikde saýlap almak;
- ýakyn döwürde ýokarda görkezilen teklipleri ara-alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn duşuşygyny geçirmek;
- çuň burawlar bilen çykarylan çökündilerden tapylan paleontologik galyndylary öwrenmek;
- geologik kesimleriň ýaşyny paleontologik öwrenmek. Mikroorganizmleriň galyndylaryny şirfde öwrenmek. Strategrafik birlikleri has anyk birliklere bölmekligi üpjün etmek üçin olaryň biostratigrafik ähmiýetini ýüze çykarmak, paleogeografiýa şertleri täzeden dikeltmek;
- talyplar maliýe we ykdysadyýet dersleri boýunça onlaýn okuw seminarlaryny geçirmek;
- maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek.
Duşuşygyň çäklerinde Bozmen Montana döwlet uniwersitetiniň inženerçilik fakultetiniň dekany, himiýa we biologiýa ylmy-barlag işleri boýunça professory Jeff Heýs hem öz çykyşynda ykdysadyýet, menejment we halkara işewürlik ugurlarynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny, ylmy-barlag işlerini hem-de talyp alyş-çalyş programmalaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy.
