Amerikanyň Birleşen Ştatlary (Larami)

51
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň, şol sanda Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekiliniň 
Amerikanyň  Birleşen Ştatlarynyň Waýoming we Montana ştatlaryndaky ýokary okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 18-28-nji oktýabry aralygynda guralan gulluk iş sapary

Waýoming uniwersiteti
(Larami şäheri, Waýoming ştaty, ABŞ)
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabry 



         Gulluk iş saparynyň dowamynda 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiň agzalary ABŞ-nyň Waýoming ştatynyň Larami şäherinde ýerleşýän Waýoming uniwersitetine (UW) bardylar. UW Cheney halkara merkeziniň Global gatnaşyklar bölüminiň direktorynyň orunbasary Warren Crawford, bu bölümiň Halkara talyplar we alymlar boýunça immigrasiýa koordinatory Maria Almendares, bu bölümiň Iňlis dili merkeziniň direktorynyň orunbasary we mugallymy Joshua Moro tarapyndan türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşylandy. Cheney halkara merkezde daşary ýurt talyplary bilen işleýän bölümiň işleri tanyşdyryldy. Ol ýerde Waýoming uniwersitetiniň kampusyna aýlanmak, geçiriljek duşuşyklar we söhbetdeşlikler, gün tertibiniň beýleki çäreleri barada gürrüňler edildi.


        Türkmen wekiliýetiniň agzalary uniwersitetiň taryhy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. UW 1886-njy ýylda döredilen, ilkinji talyplary 1887-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edýär. Bu uniwersitet milli ylmy barlag merkezi hökmünde halkara reýtinglerde görnükli orunlary eýeleýär. Häzirki wagtda UW bilim alýan talyplaryň sany 12 müňden gowrak bolup, olar bakalawr, magistr we doktorlyk maksatnamalary boýunça okaýarlar. Şeýle hem uniwersitetde PhD boýunça ylymlaryň doktorlary taýýarlanylýar.  Uniwersitetiň binasy döwrebap okuw otaglary, leksiýa zallary we maslahat zallary, bilýard stollary bolan dynç alyş otaglary bilen üpjün edilen. Kampusda kompýuter otaglary bolan kitaphana, geologiýa muzeýi, kafeler, dükanlar we açyk howa terraslary bar. Waýoming uniwersitetiniň düzüminde şu kollejler hereket edýär:
  1. Oba hojalyk, ýaşaýyş ylymlary we tebigy serişdeler kolleji;
  2. Sungat we ylymlar kolleji;
  3. Işewürlik kolleji;
  4. Mugallymçylyk (pedagogika) kolleji;
  5. Inženerçilik işi we amaly ylmylar kolleji;
  6. Saglygy goraýyş ylymlary kolleji;
  7. Hukuk kolleji.
       Uniwersitetde 80 gowrak bakalawr we 90 köpräk magistr maksatnamasy boýunça okuwlar guralýar. 

 
       Uniwersitetiň William Robertson Coe adyndaky kitaphanasynyň işi we bölümleri bilen tanşyldy. Bu kitaphanada professor-mugallymlaryň we talyplaryň okamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bu ýerde dürli çeşmeler, ylmy maglumatlar bazalary, okuw kitaplary we okuw gollanmalary, ylmy gollanmalar, kitaphanara abanomenti, OverDrive platformasy, sanly kolleksiýalar, ýörite kolleksiýalar we beýleki amatlyklar bar.

       «Işewürlik» kollejiniň binasynda uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň duşuşygy geçirildi.  
  

       Bu duşuşyga uniwersitetiň mugallymlar düzüminiň meseleleri boýunça prorektorynyň orunbasary, «Himiýa we biolukmançylyk inženerçiligi» kafedrasynyň professory, doktor David Bagley, «Işewürlik» kollejiniň dekany Scott Beauler,  «Sungat we ylymlar» kollejiniň dekany J.Scott Turpen hem-de Cheney halkara merkeziniň Global gatnaşyklar bölüminiň Halkara talyplar we alymlar boýunça immigrasiýa koordinatory Maria Almendares gatnaşdylar. 


       Duşuşykda uniwersitetiň wekilleri bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okuwlaryň guralyşy, okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy, maddy tehniki binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilişi, okatmagyň innowasion usullarynyň ulanylyşy, talyplary goldamak boýunça alnyp barylýan işler, tejribelikleriň guralyşy, ylmy barlaglaryň alnyp barlyşy, bilim-ylym-önümçilik arabaglanyşygynyň ýola goýluşy, ylmyň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylyşy, ylymdan gazanylýan girdejiler, pedagogik işgärleriň taýýarlyk derejesi, professor-mugallymlar we talyplar üçin döredilen şertler, uçurymlaryň işe ýerleşdirilişi, iş berijiler we uçurymlar bilen aragatnaşyklaryň saklanylyşy, daşary ýurt uniwersitetleri bilen halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilişi, şeýle hem beýleki ugurlar boýunça giňişleýin gürrüň berdiler. 


       Türkmen wekiliýetiniň agzalary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli bilim syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyryldy, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda okatmagyň innowasion usullarynyň peýdalanylyşy, aspiranturalar we doktoranturalar arkaly ylmy pedagogik işgärleriniň taýýarlanylyşy, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy işler, milli reýting ulgamynyň berýän netijeleri, uniwersitetleriň halkara reýtingine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň goşulmagy, sanly bilim konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtlar bilen onlaýn okuwlaryň guralyşy, ýokary hünär bilimde halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýluşy, Waýoming uniwersiteti bilen käbir türkmen ýokary okuw mekdepleriniň  arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler.  Bu duşuşykda Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty Gulbeşer Babaýew çykyş etdi we ol institutyň gurluşy, hereket edýän fakultetler, kafedralar, bölümler, bakalawr we magistr taýýarlyk ugurlary, ylmy barlaglar, okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň taýýarlanylyşy, beýleki ugurlarda işleriň alnyp barlyşy,  Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Waýoming uniwersitetiniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajyplygy dogrusunda belledi, şeýle hem hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyla niýetlenen Ýol kartasynyň taslamasyny öwrenmek üçin hödürledi. 
       Iki döwletiň ýokary we orta hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň aşakdaky geljegi bar bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy:
1. Bilim çygryndaky alyş-çalyşlar: Talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyşy, elektron kitaphanalaryň gorunyň alyş-çalyşy, onlaýn umumy okuw sapaklaryny guramak, umumy elektron maglumat çeşmelerini peýdalanmak. Waýoming ştatynyň Larami şäherinde ýerleşýän Waýoming uniwersiteti bilen okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak babatda özara tejribe alyşmak boýunça çäreleri alyp barmak meselesine seredildi.
2. Ylmy-barlag hyzmatdaşlygy: iki tarapy gyzyklandyrýan temalar boýunça bilelikdäki taslamalar. Türkmen tarapy bilimde sanly özgermeler, maliýe, menejment, işewürlik, buhgalterçilik hasaba alnyşy, pedagogika we iňlis dili ugurlary boýunça bilelikdäki ylmy işler we makalalary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.
3. Medeni we akademiki başlangyçlar: Ylmy maslahatlary, seminarlary we tomusky mekdepleri guramak. Bilelikdäki taslamalary grantlar arkaly maliýeleşdirmek.


        UW Cheney halkara merkeziniň Global gatnaşyklar bölüminiň Halkara talyplar we alymlar boýunça immigrasiýa koordinatory Maria Almendares, bu bölümiň Iňlis dili merkeziniň direktorynyň orunbasary we mugallymy Joshua Moro türkmen wekiliýetiniň agzalaryny uniwersitetiň kampusy bilen tanyşdyrdylar.
      Uniwersitetiň «Oba hojalyk, ýaşaýyş ylymlary we tebigy serişdeler» kolleji akademiki kämillige ymtylýar. Kollej hemmetaraplaýyn we dersara çemeleşme arkaly talyplary hakyky kynçylyklary çözmäge taýýarlaýar. Innowasion ylmy-barlag işlerine we amaly okuw mümkinçiliklerine ýolbaşçylyk edýän tejribeli mugallymlar bilen talyplar oba hojalygyna, ýaşaýyş ylymlaryna we tebigy serişdeleri dolandyrmaga önjeýli goşant goşmak üçin zerur bolan bilimleri we başarnyklary ele alýarlar. Kollejiniň talyplary okuwlarynyň dowamynda yzygiderli tejribelik geçirýärler, diňe bir uniwersitetde däl, eýsem, Waýoming ştatynyň weterinariýa laboratoriýasynda hem ylmy barlaglary geçirýärler we ACRES talyp fermasynda meýdan tejribesini toplaýarlar. Olar ykdysadyýetden we telekeçilikden başlap, zootehnika we ekoulgamlara çenli oba hojalygynyň we tebigy serişdeleriň ähli ugurlaryny öwrenýärler. Kollejde Oba hojalygy we amaly ykdysadyýet, Maldarçylyk, Botanika, Ekosistema ylymlary we dolandyryş, Maşgala we sarp ediş ylymlary, Molekulýar biologiýa, Ekerançylyk, Weterinar ylymlary, Zoologiýa we fiziologiýa, Oba hojalyk kommunikasiýalary, Mikrobiologiýa, Ranço dolandyryşy we oba hojalyk ýolbaşçylygy ýaly kafedralar bar


        Uniwersitetiň «Sungat we ylymlar» kollejinde ussat mugallymlaryň ýolbaşçylygyndaky yzygiderli kämilleşdirilýän okuw maksatnamalary ynsanperwer, durmuş ylymlaryny we şekillendiriş sungatyny öz içine alýar. Talyplar gözleg geçirmek, sorag bermek we açyşlary etmek üçin mümkinçilik berýän özgerdiji bilim alýarlar. Inklýuziwlige we amalyýeti öwrenmäge bolan ygrarlylyk uçurymlary şowly iş üpjünçiligine we raýat işjeňligine taýýarlaýar. Kollejde akademiki artykmaçlyk geljegiň liderlerini we döredijilikli pikirlenýänleri kemala getirmek üçin gözlegler bilen utgaşdyrylýar. Kollejde talyplar ynsanperwer we hukuk ylymlaryny, sungatyň dürli ugurlaryny, daşary ýurt dillerini, şol sanda hytaý, ispan, ýapon we fransuz dillerini öwrenýärler. Kollejde birnäçe kafedralar hereket edýär: Antropologiýa, Aragatnaşyk we žurnalistika, Jenaýat hukugy we sosiologiýa, Amerikan medeniýetini öwrenmek, Iňlis dili, Taryh, Häzirki zaman we nusgawy diller, Saz, Filosofiýa we din öwreniş, Psihologiýa, Syýasat, döwlet dolandyryşy we halkara barlaglar mekdebi, Teatr we tans, Wizual sungat.


        Uniwersitetiň «Işewürlik» kollejinde akademiki ussatlyk hakyky durmuşda ulanylýan bilimler bilen utgaşdyrylýar. Dünýäde iş berijiler tarapyndan ykrar edilýän we hormatlanýan hemmetaraplaýyn hem-de ýokary hilli bilimi talyplara bermegi akkreditirlenen maksatnamalar kepillendirýär. Mundan başga-da, kollej ýokary bilimde çeýeligiň möhümdigini düşünmek bilen, talyplaryň dürli isleglerine laýyk gelýän dürli derejeli okuw meýilnamalaryny hödürleýär.


       Kollejiň «Peter M we Paula Grin Jonson» adyndaky talyplary goldamak merkezi ähli talyplara okuwlarynyň dowamynda «okuwdan korporasiýalara işe ýerleşmek» ýörelgesi esasynda zähmet ýoluny meýilleşdirmäge ýardam berýär. MBA maksatnamalary esasynda guralýan okuwlar we halkara işewürlik saparlary talyplara hakyky başarnyklary ele almaklaryna şert döredýär. Teton lab, wençur maýadarlar üçin halypalyk gullugy, telekeçilik we innowasiýa merkezi ýaly innowasiýa giňişlikleri öwrenmek, liderlik we pikirleri öňe sürmek üçin deňsiz-taýsyz mümkinçilikleri döredýär. Uniwersitetiň «Işewürlik» kollejinde birnäçe kafedralar (bölümler) bar: Buhgalteriýa we maliýe, Blokçeýn we sanly innowasiýalar, Hünärmen satuwlar, Işewürlik we ykdysady seljerme, Ýörelgelere esaslanýan liderlik we etika, Ykdysadyýet, Telekeçilik, Magistratura we onlaýn okuwlar, Menejment we marketing.
       Uniwersitetiň «Mugallymçylyk (pedagogika)» kolleji amaly bilimiň nazary bilim bilen utgaşýan akademiki artykmaçlyga eýedir. Öz işine ussat mugallymlar öňdebaryjy okuw maksatnamalara laýyklykda guralýan okuwlar arkaly talyplara geljekde bilim we hünär maksatlaryna ýetmekde ähli tagallalary edýärler. Bu kollejde Mugallymçylyk (pedagogika), Maslahat beriş, liderlik, bähbitleri goramak we dizaýn, Tebigy ylymlar we matematika mugallymçylyk kafedralary (bölümleri) bar.
       Uniwersitetiň «Inženerçilik we fiziki ylymlar» kollejinde dersara we inkluziw bilimi hem-de ylmy barlaglary ähmiýetli hasaplaýan ussat professor-mugallymlar talyplara döwrebap bilimleri berýär. Bu ýerde geljekki hünärmenleri taýýarlamakda STEM usuly giňden ulanylýar. Her ýylda kollejiň talyplarynyň 300-e golaýy akademiki üstünlikleri üçin talyp haklaryny alýarlar. Kollejiň «Inženerçilik-tehniki bilim we ylmy barlaglar» binasy innowasiýalara, hyzmatdaşlyga we amalyýeti öwrenmäge ýardam bermek üçin niýetlenen iň döwrebap toplumdyr. «Birinji derejeli inženerçilik bilimi» başlangyjynyň çäklerinde bu toplum ykdysadyýetiň geljegi bilen baglanyşykly işgärler güýjüniň we ylmy barlaglaryň ösüşine goldaw berýär. Toplumda täze derejeli inženerçilik bilimi üçin döredilen köpugurly laboratoriýalar, taslama otaglary, işjeň bilim almak üçin okuw otaglary, buraw simulýatory we beýlekiler hereket edýär. Bu kollejde şu kafedralar (bölümler) bar: Atmosfera ylymlary, Himiýa we biolukmançylyk inženerçiligi, Himiýa, Raýat we binagärlik inženerçiligi we gurluşyk dolandyryşy, Elektrotehnika we informatika, Energetika we nebiti gazyp çykarmak,  Geologiýa we geofizika, Matematika we statistika, Mehaniki we energetika ulgamlary, Fizika we astronomiýa, Hasaplaýyş tehnikasy.

     Uniwersitetiň «Saglygy goraýyş ylymlary» kollejinde aragatnaşyk bozulmalary, kineziologiýa we saglyk, şepagat uýasy işi, dermanhana we durmuş işi ýaly ugurlar boýunça dürli maksatnamalary boýunça talyplara bilim berilýär. Iň döwrebap enjamlar we kämillige ygrarlylyk bilen, talyplary saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy bolmaga taýýarlaýar. Kollejde hereket edýän kafedralar (bölümler): Aragatnaşyk bozulmalary, Kineziologiýa we saglyk, Şepagat uýasy işi, Farmasewtika, Durmuş işi, Maýyplyk.


       Uniwersitetiň «Hukuk» kollejine okuwa kabul edilende beýleki resminamalar bilen bilelikde LSAT testiniň netijeleri tabşyrylýar. 
Şeýlelikde,  UW köpsanly ussat professorlar we alymlar zähmet çekýär. Olar ýokary hilde bilim berýärler we ylmy barlaglary ýerine ýetirýärler. Bir mugallyma ortaça 12 talyp düşýär.  Bakalawr maksatnamalary boýunça bilim alýan talyplar birinji okuw ýylyndan ylmy taslamalara gatnaşýarlar. Bu bolsa talyplara amaly taýdan başarjaň bolmaga, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyk gelýän bilimleri almaga, innowasion taslamalary işläp düzmäge we bäsleşiklerde üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär.
     UW bar bolan sport amatlyklarynyň hataryna birnäçe türgenleşik toplumlary, ýeňil atletika merkezi, ýapyk we açyk futbol meýdançalary, golf we tennis meýdançalary, göreş arenasy, basketbol we woleýbol meýdançalary, fitnes zallary, tans studiýalary, trenažor zaly, dyrmaşmak diwary we suw howzy girýär.NCAA Division I – ýokary derejeli talyp sportunyň milli assosiasiýasynyň geçirýän ýaryşlaryna UW talyplary gatnaşýar. Uniwersitet türgenleşik merkezleri, arenalar we okuw-sport toplumlary ýaly sport infrastukturasyna maýa goýumlaryny goýýar. Okuw ýylynyň dowamynda uniwersitetiň içinde, şeýle hem uniwersitetleriň arasynda dürli görnüşli sport ýaryşlary geçirilýär, dynç günleri talyplar tebigata gezelenç edýärler.
    Uniwersitet talyplaryň ýokary hilde dynç almaklary barada hem alada edýär. Talyplar üçin 200 gowrak klublar hereket edýär, dynç günleri talyplar geňeşi barbekýu, filmlere tomaşa etmegi, stendaplary, karaoke, bezeg-amaly sungat agşamlaryny we ş.m. guraýar.
     UW has tanymal uçurymlarynyň arasynda ABŞ-nyň 46-njy wese-prezidenti Dick Cheney, NASA «Аpallon» maksatnmaynyň direktory Samuel Cochran Phillips, işewür we «Los-Anjeles Leýkers» basketbol komandasynyň eýesi Gerald Hatten "Jerry" Buss we beýlekileri görkezmek bolar.
     UW döwrebap umumy ýaşaýyş jaýlary we apartamentleri talyplara hödürleýär. Bu binalar uniwersitetiň golaýynda ýerleşýär. Girmek diňe elektron giriş karty arkaly amala aşyrylýar. Ýaşaýyş jaýlary doly enjamlaşdyrylan we otaglar mebel bilen üpjün edilen. Ýaşaýyş jaýlary 1-2 talyp üçin niýetlenen we maşgala bolup ýaşamak hem mümkindir. Wanna otaglary gatlarda ýa-da talyp otaglarynda bar. Amatlylyklara kir ýuwýan otaglar, telewizor otaglary, oýun otaglary, aşhanalar, dynç alyş otaglary, okuw otaglary we kompýuter zallary girýär.

     Türkmen wekiliýetiniň düzümine girýän ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň bir bölegi uniwersitetiň «Işewürlik» kollejiniň wekilleri we beýleki bölegi bolsa «Mugallymçylyk (pedagogika)» hem-de «Inženerçilik we fiziki ylymlar» kollejleriniň wekilleri bilen özara duuşuyklary geçirdiler. Olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň anyk meseleleri boýunça özara pikir alyşmalar we maslahatlaşmalar geçirildi.
    Uniwersitetiň «Işewürlik» kollejiniň binasynda «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe» kafedrasynyň müdiri Kenny Zheng bilen duşuk geçirildi. Kafedra müdiri Kenny Zheng we türkmen wekiliýetiniň agzalary, şol sanda Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekili ykdysady ugurlar boýunça okadylýan dersler, okuw meýilnamalary, bakalawr we magistr maksatnamalary, professorlaryň alyp barýan ylmy işleri, talyplaryň özbaşdak işleri, daşary ýurt uniwersitetleri bilen talyplary alyşmagyň tejribesi, talyplaryň önümçiliklerde tejribelikleri geçişleri, bilelikde ylmy barlaglary alyp barmagyň temalary, geljekde mümkin bolan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maliýeleşdirmek babatynda bilelikde halkara grantlara gatnaşmagyň mümkinçilikleri içgin ara alyp maslahatlaşdylar.
     Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Waýoming uniwersitetiniň wekilleriniň we talyplarynyň öňünde  Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çykyş etdi.  


     Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary Waýoming uniwersitetiniň wekilleri we talyplary üçin milli el işleriniň sergisini guradylar.


     Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary Azat Ataýew hem-de Waýoming uniwersitetiniň Cheney halkara merkeziniň Global gatnaşyklar bölüminiň Global barlaglar merkeziniň direktory Caroline McCracken-Flesher tarapyndan Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Waýoming uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we  Waýoming uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


     Waýoming uniwersitetinde geçirilen birnäçe iş duşuşyklar, maslahatlar we gol çekilen Ähtnamalar Türkmenistanyň ýokary we orta hünär bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, innowasion tejribeleriň ornaşdyrylmagyna we ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilim mümkinçiliklerine gatnaşmagyna möhüm goşant goşar.

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309