Amerikanyň Birleşen Ştatlary (Missula)
125Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň, şol sanda Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekiliniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waýoming we Montana ştatlaryndaky ýokary okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 18-28-nji oktýabry aralygynda guralan gulluk iş sapary.
Montana uniwersiteti
(Missula şäheri, Montana ştaty, ABŞ)
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabry

Gulluk iş saparynyň dowamynda 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiň agzalary ABŞ-nyň Montana ştatynyň Missula şäherinde ýerleşýän Montana uniwersitetinde (UM) boldular.
Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň uniwersitetiň Mansfield merkezinde Maureen we Mike bölüminiň direktorynyň orunbasary Skaý Borden, Goranmak ministrliginiň möhüm kritik dilleri öwrenmek we medeniýet boýunça maksatnamasynyň direktory doktor Liz Barrs bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşykda Montana uniwersitetiniň işgärleri okuw mekdebiniň taryhy barada gürrüň berdiler. Häzirki wagtda Montana uniwersiteti jemgyýetçilik ylmy barlag uniwersiteti hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ol 1893-nji ýylda esaslandyrylýar. Bu uniwersitet ýokary ylmy işjeňlige eýe bolup, halkara reýtingleriniň sanawynda görnükli orunlary eýeleýär. Montana uniwersitetiniň uçurymlarynyň arasyndan birnäçe baýraklaryň eýeleri, şol sanda Nobel baýragynyň eýesi hem bar.
Soňra duşuşyk uniwersitetiň Global gatnaşyklar edarasynyň direktory doktor Donna Andersonyň, geografiýa professory we Mansfield merkeziniň uly ylmy işgäri doktor Sarah J. Halvorsonyň, Elouese Cobell Ýer we medeniýet institutynyň direktory hem-de Ekologik ylmy barlaglar boýunça kafedrasynyň professorynyň assistenti doktor Fernando Sancheziň, Suw ekoulgamlarynyň ekologiýasy boýunça professoryň assistenti doktor Ben Colmanyň, Goranmak ministrliginiň möhüm kritik dilleri öwrenmek we medeniýet boýunça maksatnamasynyň akademik müdiri doktor Shaima Khinjaniniň, Goranmak ministrliginiň möhüm kritik dilleri öwrenmek we medeniýet boýunça maksatnamasynyň sebitleýin ylmy barlaglar maksatnamasynyň ýolbaşçysy doktor Oleg Salimowyň gatnaşmaklarynda dowam etdirildi. Uniwersitetiň wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda ekologiýa, tebigaty goramak, dilleri öwrenmek, işewürlik ýaly bakalawr hem-de magistr taýýarlyk ugurlary boýunça okuwlaryň we ylmy barlaglaryň, tebigata çykmak arkaly hünär öwreniş işleriniň guralyşy barada pikir alşyldy.

Montana uniwersitetiniň kampusy bilen tanyşmagyň dowamynda türkmen wekilleriniň agzalary üçin okuw sapaklaryna gatnaşmak mümkinçiligi döredildi. Okuw otaglarynda talyplara bilim bermek üçin bar bolan şertleriň ýokarydygyna göz ýetirildi.


Türkmen wekilleriniň agzalary Montana uniwersitetiniň Ýerli amerikan maşgalalarynyň (Indeýler) merkezine bardylar. Ol ýerde indeýleriň taýpalary, indeýleriň dilleriniň öwredilişi barada bu merkeziň direktory gürrüň berdi. Soňra sorag-jogap alşyldy.

Montana uniwersitetiniň Mansfield merkezinde prorektor Adrea Lawrence bilen türkmen wekilleriniň agzalarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga uniwersitetiň wekilleri Liz Barrs, Donna Anderson, Sarah J. Halvorson, Shaima Khinjani gatnaşdylar. Duşuşykda Montana uniwersiteti bilen Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri, onlaýn okuw sapaklaryny geçirmegiň ähmiýeti, aýry-aýry temalar boýunça ylmy barlaglary alyp barmagyň zerurlygy babatynda gürrüňler edildi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri, sanly bilimiň ösdürilişi, ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglere goşulmagy barada uniwersitetiň wekillerine gürrüň berdiler.

Mansfield merkezinde türkmen wekilleriniň agzalary üçin Montana uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk maksatnamasy boýunça iş maslahatlary guraldy. Uniwersitetiň Missoula kollejiniň dekany we Kiberhowpsuzlyk akademiki ussatlyk merkeziniň direktory Doktor Tom Gallagher, şeýle hem Maglumat tehnologiýalary boýunça maksatnamasynyň direktory Doktor Victor Valgenti kiberhowpsuzlyk boýunça talyplar üçin okuwlaryň guralyşy, okadylýan dersler, uçurymlaryň iş üpjünçiligi barada giňişleýin çykyş etdiler.

