Amerikanyň Birleşen Ştatlary (Powell)

118
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň, şol sanda Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekiliniň Amerikanyň  Birleşen Ştatlarynyň Waýoming we Montana ştatlaryndaky ýokary okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 18-28-nji oktýabry aralygynda guralan gulluk iş sapary

Demirgazyk-Günbatar kolleji,
 (Powell şäheri, Waýoming ştaty, ABŞ)
2025-nji ýylyň 20-nji oktýabry

 
         Türkmen wekiliýetiniň agzalary irden Demirgazyk-Günbatar kollejiniň Talyplar merkezine bardylar. Bu merkezde türkmen wekiliýetiniň agzalaryny kollejiň Halkara talyplar we alymlar gullugynyň işgärleri mähirli garşyladylar. Talyplar merkeziniň naharhanasynda ertirlik naharynyň başynda türkmen talyplary bilen söhbetdeşlik boldy.  
 

       Demirgazyk-Günbatar kollejinde bilim alýan türkmen talyplary okaýan hünärleri, bilim almak, ylym we sport bilen meşgullanmak, umumy ýaşaýyş jaýlarda ýaşamak üçin döredilen ýokary mümkinçilikler, şertler barada gürrüň berdiler. Türkmen wekiliýetiniň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, sanly bilimiň ösdürilişi, täze gurlup ulanylmaga berilýän okuw mekdepleri, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, täze açylýan hünärler (taýýarlyk ugurlary), talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary we ylym bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlary iş bilen üpjün etmek barada giňişleýin gürrüň berdiler.   
         Soňra Demirgazyk-Günbatar kollejiniň Gazna öýüniň öňünde türkmen wekiliýetiniň agzalaryny kollejiň Prezidenti Lisa Watson, Akademiki işler boýunça wise-prezidenti Deýw Erikson, Administratiw hyzmatlar we maliýe boýunça wise-prezidenti Burt Reýnolds, Talyplar bilen işlemek boýunça wise-prezidenti Tom Hawron uly hormat bilen garşyladylar. 


       Bu binada kollejiň ýolbaşçy düzümi bilen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada maslahatlar geçirildi, özara pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda I.Gandi adyndaky  Aşgabat lukmançylyk  orta  okuw mekdebiniň we Demirgazyk-Günbatar kollejiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 


       Kollejiň Halkara talyplar we alymlar gullugynyň menejeri Amanda Enrike we kabul ediş toparynyň wekiliniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Bossan Abdyýewa bilen bilelikde türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin kampus boýunça gezelenji guradylar.
     Kampus bilen tanyşlyk STEM merkezinden başlandy. Bu merkezde STEM usulyýeti boýunça okuwlaryň guralyşy, döredilen mümkinçilikler we şertler, barlaghanalaryň işi, alnyp barylýan ylmy işler, ylmy işleriň netijeleri barada giňişleýin kollejiň alymlary gürrüň berdiler, soňra sorag-jogap alyşmalar boldy.


       Kollejde halkara talyplar we alymlar üçin döredilen mümkinçilikler, elektron kitaphana we kitaphana gory, okalga zallary, talyplaryň özbaşdak işlerini ýerine ýetirmek üçin bar bolan şertler, talyplyga kabul etmegiň aýratynlygy, bilim maksatnamalary barada maglumatlar berildi. Hereket edýän bilim maksatnamalarynyň esasy ugurlary:  başdan geçirmeler boýunça bilim, aeronawtika / awiasiýa, oba  hojalygy,  antropologiýa we arheologiýa, sungat we grafik dizaýn, biznes (buhgalterçilik hasaba alnyşy, işewürlik), täjirçilik sürüjilik şahadatnamasy, aragatnaşyk / köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jenaýat kazyýet adalaty,  atçylyk öwreniş, saglygy goraýyş we şepagat uýasy, saz, surat, ylym we inženiring, durmuş ylymlary, swarka.  


     Kampusyň çäginde ýerleşýän talyplar üçin niýetlenen sport desgalarynyň bir bolan üsti ýapyk sport dergasyndaky türgenleşmek üçin döredilen şertler bilen tanşyldy. 
      Fagerberg binasyndaky sungat we grafik dizaýn taýýarlyk ugrunyň ussahansyndaky işler gidişine syn edildi. Bu ussahanada talyplar tarapyndan öndürilen dürli keramiki önümleriň aglaba köpüsi täjirçilik esasda ýerlenilýär.
 

 
       Maslahat merkezinde Demirgazyk-Günbatar kollejiniň ýokary derejeli ýolbaşçylary, akademiki maslahat beriş geňeşi we türkmen talyplary bilen günortanlyk nahar başynda türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen maslahatlaşmalar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüňdeşlikler dowam etdirildi. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri kollejiň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen okuwlaryň guralyşy we ylmy barlaglaryň alnyp barlyşy boýunça pikir alyşdylar. Kollejde buhgalterçilik hasaba alnyşy we işewürlik taýýarlyk ugurlary okadylýan dersler içgin öwrenildi.  

 
        Kollejiň Şepagat uýasy işiniň direktory,  Saglygy goraýyş hünärleri bölüminiň başlygy, doktor Marnee Crawfold türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin okuw maslahatyny geçirdi. Ol gatyşyk saglygy goraýyş hünärleri, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi, paramedik, lukmançylyk kömekçisi, şepagat uýasynyň kömekçisi, şepagatçylyk işi: ygtyýarnamaly amaly şepagat uýasy, şepagatçylyk işi:  diplomly şepagat uýasy, iş terapiýa taýýarlyk, göz bejerişe taýýarlyk, dermanhana işine taýýarlyk, fiziki terapiýa taýýarlyk, hünär ylymlara taýýarlyk ugurlary boýunça talyplara berilýän bilim, geçirilýän okuwlar, okadylýan dersler, okuwlaryň dowamlylygy, tejribelikleriň guralyşy, barlaghananyň üpjünçiligi barada giňişleýin gürrüň berdi. Wirtula simulýator arkaly näsagyň keselini anyklamak boýunça möhüm tejribeler görkezildi. Doktor Marnee Crawfold birnäçe soraglara jogaplary berdi.



        Türkmen wekiliýetiniň agzalaryny kollejiň jenaýat kazyýet adalaty boýunça professoryň assistenti Jack McGraht jenaýat kazyýet adalaty ugry boýunça talyplar üçin niýetlenen tejribehananyň işleri bilen tanyşdyrdy. Wirtual simulýatorda dürli ýagdaýlar dörände özüňi alyp barmagyň düzgünleri, aýry-aýry hadysalar ýüze çykanda degişli ýaraglaryň ulanylyşyny görkezdi. 



        Ynsanperwer ylymlar hem-de şekillendiriş we sahna sungaty bölüminiň müdiri,  sungat boýunça professoryň assistenti Elaine DeBuhr, pedagogika boýunça mugallymlar Cammy Rowley we Jo-el Sauers bilen türkmen wekiliýetiniň agzalary duşuşdylar. Kollejiň mugallymlary ynsanperwer ylymlar, şekillendiriş we sahna sungaty, pedagogika taýýarlyk ugurlary boýunça okuwlaryň, ylmy barlaglaryň, özbaşdak işleriň, tejribelikleriň guralyşy barada içgin gürrüň berdiler. Okadylýan dersler barada pikir alşyldy. 


 
       Türkmen wekiliýetiniň agzalary üçin kollejiň Biznes boýunça professoryň assistenti Adrian Arismendi buhgalterçilik hasaba alnyşy we işewürli ugurlary boýunça talyplara berilýän bilim, okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulan dersler, buhgalterçilik hasaba alnyşy ýöretmek üçin ulanylýan kompýuter programmasy barada giňişleýin çykyş etdi. Soňra biznes ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly sorag-jogap alşyldy.
 
        Demirgazyk-Günbatar kollejinde bilim alýan türkmen talyplary bilen gulluk iş saparynda bolýan wekiliýetiň agzalarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda türkmen talyplarynyň her biri kollejde alýan bilimleri, ýaşaýyş şertleri, kolleji tamamlandan soňra geljekki maksatlary barada içgin gürrüň berdiler. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň ähmiýeti jikme-jik düşündirildi. Türkmen talyplaryna okuwlaryny tamamlandan soňra ýurdumyza sag-aman dolanyp gelmekleri, milli ykdysadyýetimiziň degişli pudaklaryna işe ýerleşip, döredijilikli zähmet çekmeklerini arzuw edildi.



       Maslahat merkezinde kollejiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we tükmen talyplary üçin «Bilim we ylym – Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugry» atly temadan çykyşlar edildi. Kollejiň ýolbaşçysyna we hünärmenlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary milli el işleriniň sergisini guradylar.





Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309