Hytaý Halk Respublikasy

150
MERKEZI AZIÝADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ILKINJI TÝAN-ŞAN FORUMY 

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak hem-de ýokary bilim edaralarynyň okuw, usulyýet we ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek babatynda giň möçberli işler alnyp barylýar.
      Şu maksatlaryň çäklerinde Türkmen döwlet maliýe institutynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk instituty (CAREC) bilen baglaşan Ähtnamanyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde geçirilen Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji Týan-Şan forumyna, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Institutynyň Ylmy merkezleriniň ösüşi boýunça 9-njy maslahatyna we «Durmuş-ykdysady özgertmeler üçin emeli aňy ulanmak» atly ýolbaşçylar üçin okuw maslahatyna institutyň Okuw bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Eziznazar Beknazarow 2025-nji ýylyň 1-5-nji dekabry aralygynda iş saparynda boldy. Iş saparynyň birinji gününde «CAREC sebitinde ýaşyl başlangyçlaryň özgerdiji täsirini innowasion maliýeleşdiriş mehanizmleri arkaly tizleşdirmek» ady bilen CAREC institutynyň Ylmy merkezleriniň ösüşi boýunça 9-njy maslahatyna gatnaşyldy. Onda esasan hem, durnukly ösüş we ýaşyl ykdysadyýet üçin maýa goýumlary çekmek hem-de döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygynyň wajyplygy hakynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş saparynyň 2-3-nji günlerinde “Merkezi Aziýada arabaglanyşygyň we maýa goýumlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek” ady bilen Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji Týan-Şan forumyna gatnaşyldy. Bu forum Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we maýa goýumlary çekmäge hem-de ulag, logistika, energetika, söwda we infrastruktura taslamalary arkaly durnukly ykdysady ösüş meseleleriň üstünde durulyp geçildi. Şeýle hem, «Durmuş-ykdysady özgertmeler üçin emeli aňy ulanmak» atly ýolbaşçylar üçin okuw maslahaty hem diýseň gyzykly boldy. Maslahatyň dowamynda CAREC sebitinde emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly jemgyýetçilik we ykdysady özgertmeleri ilerletmek hem-de emeli aňyň menejmentde, ykdysadyýetde, bilimde we hyzmatlar ulgamynda ulanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
      Şeýle ajaýyp döwri peşgeş berip, mugallymlara halkara hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna hemmetaraplaýyn döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Beýik maksatly, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.


Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309