Watan - köňül kelamym 2025
260TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY
«Watan — köňül kelamym» atly talyp ýaşlaryň arasynda geçiriljek goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine
ÇAKYLYK
Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2025-nji ýylyň 21-nji iýunynda «Watan — köňül kelamym» atly goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu bäsleşigiň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys.
Bäsleşigiň resmi dili – türkmen dilidir.
Döredijilik bäsleşigi talyplaryň arasynda geçiriler.
Bäsleşige okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 2-den (ikiden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň ýeňijileri goşgy ýazmagyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
Bäsleşik bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň
http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.
Bäsleşige gatnaşyjylar baradaky maglumatlar Düzgünnama laýyklykda 2025-nji ýylyň 01-nji iýunyna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna iberilmeli.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon: +993 12 49 25 91, +993 61 66 36 06.
Guramaçylyk topary.