Sanly bilim

6523

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda meýilleşdirilen giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýär.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim tory döredildi. Bu tora Türkmen döwlet maliýe institutynyň içki tory birikdirildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanmak maksady bilen, okuw prosesine sanly tehnologiýalar ornaşdyryldy. Häzirki wagtda institutyň internet web saýty (tdmai.edu.tm) we bilim portaly (okuw.tdmai.edu.tm) hereket edýär. Häzirki wagtda Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilim portalyna (okuw.tdmail.edu.tm) internet arkaly elýeterlilik döredildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň içki we internet bilim portallaryna okuw dersleri boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materillary, tanyşdyryşlar we beýleki maglumatlar ýerleşdirilýär. Institutda täze sanly okuw otagy döredildi. Bu okuw otagy internet, häzirki zaman kompýuterler, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Beýleki okuw otaglarda hem kompýuter tehnikalary we interaktiw tagtalar bar.

Institutda uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Talyplaryň we professor-mugallymlaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri we hyzmatdaş daşary ýurtlary uniwersitetleri bilen onlaýn wideo okuwlary hem-de maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmen döwlet maliýe institutynda elektron kitaphanasy hereket edýär. Bu elektron kitaphanasynyň gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we professor-mugallymlary okuw, ylmy we usuly işlerinde sanly bilimiň mümkinçiliklerinden gündelik peýdalanýarlar.


Sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek onlaýn maslahatlaryň (seminarlaryň) meýilnamasy

T/bMaslahatyň adySenesi, wagtyJogapkär
1Emeli aňyň sanly ulgamda peýdalanylyşy12.02.2026ý. sagat 15:00 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy Azizsalam Bazarow
2Uly maglumatlar we emeli aň bilen işlemek27.02.2026ý. sagat 15:00 Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý Agajykowa Aýsenem
3Oba hojalyk pudagynda VR tehnologiýasynyň mümkinçilikleri06.03.2026ý. sagat 15:00 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy Hojanepesow Meretmuhammet
4Bedenterbiýe we sport ulgamynda sanly tehnologiýalaryň, maglumat howpsuzlygynyň we sanly dolandyryşyň döwrebap çözgütleri18.03.2026ý. sagat 15:00Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport tehnologiýalary we menejmenti kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý., uly mugallymy Gurbanowa Jeren 
5Elektron sanly gol-ygtybarly gorag27.03.2026ý. sagat 15:00Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Amanowa Aýnabat
6Pythonda gaýtalanýan hereketleri programmalaşdyrmak10.04.2026ý. sagat 15:00 Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý., dosent Kutlyýew Güýçgeldi
7Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda iň ýygy ulanylýan sözler24.04.2026ý. sagat 15:00 Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymy Nurgeldiýew Orazberdi
8Maglumat howpsuzlygynyň 1-nji derejeleri01.05.2026ý. sagat 15:00Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Allaýarow Nurmyrat
9NetBox bilen infrastruktura maglumatlaryny dolandyrmak: mümkinçilikleri we peýdalary15.05.2026ý. sagat 15:00 Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Saparmyradow Täçmyrat
10Sanly bilim ulgamynda hünärmenleriň tejribesini we geýmifikasiýa usullaryny ulanmagyň netijeligi04.09.2026ý. sagat 15:00Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Nurmyradowa Tyllagözel
11Sanly ulgamda kompýuter enjamlaryny bir wagtda dolandyrmagyň we gözegçilikde saklamagyň usullary17.09.2026ý. sagat 15:00 Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy Agalykow Serdar
12Maşyn kody derejesinde amala aşyrylýan hüjümleri öz wagtynda anyklamak30.09.2026ý. sagat 15:00 Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersietiniň Kiberhowpsuzlyk kafedranyň müdiriniň w.ý.ý., t.y.k. Maksat Çüriýew
13Lukmançylyk maglumat ulgamlarynda kiberhowpsuzlygyň meseleleri we çözgütleri12.10.2026ý. sagat 15:00 Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy Daňatarowa Mähri 
14Ses işläp bejerýän tehnologiýalary programmirlemek26.10.2026ý. sagat 15:00Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň uly mugallymy Geldiýewa Maral
15Durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalar06.11.2026ý. sagat 15:00 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymy Tejenowa Jennet 
16“Zoom” atly programma üpjünçiligini awtomatlaşdyrmak19.11.2026ý. sagat 15:00 Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Gurbanmyradowa Leýla
17Kiberhowpsuzlyk we başlangyç howplar barada umumy düşünje04.12.2026ý. sagat 15:00Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý Annalyýew Akmämmet
18Kiberhakatonlary geçirmek we olaryň netijelerini awtomatik jemlemek17.12.2026ý. sagat 15:00 Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallymy Geldiýew Serdar

Paýlaş

Taryhy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Görkezijiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Sanly bilim

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Kitaphana

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Wakansiýalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Fakultetler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Kafedralar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309