Buhgalterçilik hasaba alnyşy

60

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda giňden bellenilýän  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersi boýunça geçiriljek onlaýn olimpiadasynyň 


DÜZGÜNNAMASY


Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere laýyklykda talyp ýaşlaryň bilimlerini, başarnyklaryny, ukyplaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersi boýunça onlaýn olimpiadasyny geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip düzüldi.

Meýilleşdirilen bu onlaýn olimpiadasy talyplaryň özara gatnaşyklaryny ösdürmek, özbaşdak işlemek endiklerini kämilleşdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, bilim başarnyklaryny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen geçirilýär.


  1. UMUMY DÜZGÜNLER


 1.1. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersi boýunça onlaýn olimpiadasynyň maksady şu aşakdakylardan ybarat:

  1. ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary emele getirmek, berkitmek we özara bähbitli maglumatlary alyşmak;

  2. ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda özara pikir alyşmalary guramak;

ç) buhgalterçilik hasaba alnyşyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ýüze  çykýan meseleleri seljermäge, derňemäge ukyplary we başarnyklary bolan ýaş hünärmenleri ýetişdirmek.

1.2.Onlaýn olimpiadasynyň wezipesi şu aşakdakylardan ybarat:

  1. döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersine degişli bolan nazary meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek;

  2. zehinli talyplary ýüze çykarmak;

ç)  talyplarynyň arasynda mundan beýläk hem intellektual ösüşi üpjün etjek      şertleri döretmek; 

d) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw      mekdepleriniň özara aragatnaşygyny kämilleşdirmek.


  1. OLIMPIADANY GEÇIRMEGIŇ TERTIBI


2.1. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersi boýunça geçiriljek onlaýn olimpiadasyny guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlaryndan ybarat bolup, rektoryň buýrugy bilen tassyklanylýar. Guramaçylyk topary ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu onlaýn olimpiadany geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de onu guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar.

2.2.“Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersi boýunça onlaýn olimpiadasyna her ýokary okuw mekdebinden okaýan hünärine bagly bolmazdan sany 3-den köp bolmadyk talybyň gatnaşmagyna rugsat berilýär. Onlaýn olimpiadasy 2025-nji ýylyň maý aýynyň 13-ne sagat 14:00-da talyplaryň okaýan ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda başlanar we gatnaşýanlaryň ählisi wideoşekilli aragatnaşyk arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

2.3. Onlaýn olimpiada türkmen dilinde we test soraglary görnüşinde geçirilýär. Olimpiadanyň test soraglary “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” dersine degişli bolar.

2.4. Olimpiadada 100 sany test soraglary hödürlener. Her bir test soragy 4 jogaply (jogaplaryň diňe biri dogry) görnüşde taýýarlanylýar. Her bir test soragyň dogry jogaby 1 ball bilen bahalandyrylýar. Olimpiadada gazanyljak ballaryň iň ýokary mümkinçiligi 100 ball bolar. 

2.5. Onlaýn olimpiada Türkmen döwlet maliýe institutynyň sanly bilim portalynyň binýadynda geçiriler. Gatnaşjak talyplar we olara ýolbaşçylyk etjek mugallymlar baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň maý aýynyň 1-ine çenli Goşunda laýyklykda buh.hasaby@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

Onlaýn olimpiada gatnaşýan talyplaryň institutyň sanly bilim portalyna girmek üçin loginleri we parollary ýokary okuw mekdepleriniň degişli jogapkär mugallymlarynyň elektron poçtasyna ýaryşyň geçirilýän güni sagat 13:00-da ýokary okuw mekdeplerinden onlaýn olimpiada gatnaşýan talyplar jogapkär mugallymlaryň poçtalaryna iberilen elektron salgy esasynda wideoşekilli aragatnaşyk esasynda birikdiriler.

2.6. Onlaýn olimpiadanyň dowamlylygy 1 sagada deň. Onlaýn olimpiada dürli sebäplere görä giç birigen gatnaşyjylara goşmaça wagt göz öňünde tutulmaýar.

2.7. Onlaýn olimpiadanyň Guramaçylyk topary olimpiadanyň geçirilişine onlaýn wideoşekilli aragatnaşyk ulgamy arkaly gözegçiligi amala aşyrýar. Olimpiadanyň dowamynda wideo kamerany öçürmek we mikrofony ýapmak gadagan edilýär. Bu düzgün ýerine ýetirilmedik halatynda degişli ýokary okuw mekdebiniň talyplaryny olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarmak meselesine serediler.

2.8. Onlaýn olimpiada gatnaşýan talyplar test soraglaryny özbaşdak işlemelidir. Onlaýn olimpiadanyň dowamynda gatnaşyjylara gapdalyndaky talyplar bilen maslahat etmek, kitaplary, mobil enjamlaryny we beýleki maglumat göteriji serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär. Olimpiadanyň dowam edýän wagtynda tertip-düzgüni bozan talyp olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar.


III. OLIMPIADANYŇ NETIJELERINI JEMLEMEK WE SYLAGLAMAK


3.1. Onlaýn olimpiadany guraýan Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan olimpiadanyň netijeleri bu olimpiada gatnaşýan talyplaryň ählisi test soraglaryna jogap berip gutaranlaryndan soňra 1 iş gününiň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň internet sahypasynda yglan ediler. Onlaýn olimpiada gatnaşýan talyplaryň işleriniň netijesi boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda Guramaçylyk toparyna arz-şikaýat bilen 1 iş gününiň dowamynda talyplara ýolbaşçylyk edýän mugallym tarapyndan elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. Arz-şikaýatlar, ýüz tutmalar Guramaçylyk topary tarapyndan seredilýär we gutarnykly netije kabul edilýär. Gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.

3.2. Onlaýn olimpiadanyň netijeleri şahsy hasaba alynýar. Şahsy orunlar testler boýunça ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we beýan arkaly resmileşdirilýär. Onlaýn görnüşindäki geçiriljek olimpiadany şahsy hasap boýunça 1-nji, 2-nji, 3-nji orny eýelän ýeňijiler, degişlilikde I, II, III derejeli Diplomlar bilen sylaglanarlar. 




Habarlaşmak üçin telefonlar: +99365607074; +99365559637; +99364022437


Düzgünnamany ýüklemek

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309