Menejment

185

TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY



«Menejment» dersi boýunça talyplaryň arasynda geçiriljek onlaýn internet bäsleşigine


ÇAKYLYK


Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda «Menejment» dersi boýunça talyplaryň arasynda onlaýn görnüşinde geçiriljek internet bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu bäsleşigiň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýarys. 

Internet bäsleşiginiň resmi dili – türkmen dilidir.

Internet bäsleşigi talyplaryň arasynda özbaşdak bäsleşik görnüşinde geçiriler.

Internet bäsleşigine okaýan taýýarlyk ugruna/hünärine bagly bolmazdan her ýokary okuw mekdebinden 3-den (üçden) köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.

Internet bäsleşiginiň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri bilen kesgitlenilýär.

Bäsleşik bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlar we bildirişler institutyň

http://tdmai.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdiriler.

Internet bäsleşigine gatnaşyjylar baradaky maglumatlar 1-nji Goşunda laýyklykda 2025-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli Türkmen döwlet maliýe institutynyň info@tdmai.edu.tm elektron poçtasyna iberilmeli.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +993 12 49 25 91, +993 61 66 36 06, +993 63 24 99 50. 



Guramaçylyk topary.


Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309