Magistr maksatnamasy
1895TÜRKMEN DÖWLET MALIÝE INSTITUTY
2025/2026-njy okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: telekeçilik we maliýe; bank işi we maliýe; salgyt menejmenti; buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit).
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Instituta magistr taýýarlygyň ugurlaryna ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 – 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
– bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
– ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
– 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
– pasportyny;
– harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2025-nji ýylyň 14, 15, 16-njy awgustynda geçirilýär.
Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça ykdysady nazaryýet, maliýe derslerinden geçirilýär.
Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-07-92.