Telekeçilik işi 2025
851Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 26-syna sagat 15:00-da onlaýn görnüşinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Telekeçilik işi» dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bäsleşige her ýokary okuw mekdebi 4 (dört) sany talyby hödürläp bilerler. Bäsleşik test soraglaryna onlaýn jogap bermek arkaly geçiriler.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýe» kafedrasynyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda «Telekeçilik işi» dersi boýunça 2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda geçirilen onlaýn internet bäsleşiginiň netijeleri