Germaniýa Federatiw Respublikasy

87

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «CirculEC» taslamasynyň çäklerinde Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary okuw maslahatlara gatnaşmak üçin 2025-nji ýylyň 15-22-nji marty aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bilefeld şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän kiçi we orta kärhanalar üçin takyk ylymlar uniwersitetinde (FHM) galyndysyz ykdysadyýet, ýapyk aýlanyşykly (sirkulýar) ykdysadyýet bilen bagly okuwlar guraldy. Bu okuwlarda sirkulýar ykdysadyýet bilen bagly bilimleri artdyrmagyň hem-de degişli okuw meýilnamalarynyň taýýarlanylmagynyň zerurlygy aýratyn bellenildi. 

Mundan başga-da, galyndysyz ykdysadyýet bilen bagly Germaniýanyň tejribesi, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde bu ugurda alnyp barylýan işler barada hem bellenildi. Şeýle hem okuw maslahatynda çykyş edenler sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Türkmen tarapyndan gatnaşan wekiller Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek barada edýän tagallary barada çykyş etdiler. Hususan hem 2024-nji ýylyň fewralynda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde türkmen wekiliýeti tarapyndan öňe sürlen teklipleriň arasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşe gönükdirilen gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýapyk aýlanyşykly, ýagny galyndysyz (sirkulýar) ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlar bilen dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde çykyş edildi. Döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen işler, aslynda, galyndysyz ykdysadyýetiň talaplaryna doly laýyk gelýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ekologik nukdaýnazardan has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen bagly degişli innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga hem-de zyňyndylary azaltmaga aýratyn üns berilýär. Okuw maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sorag-jogap alyşdylar we halkara bilermenler sowallara anyk mysallaryň üsti bilen jogap berdiler. 

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 19-njy martynda saparyň çäklerinde mugallymlar Lemgo innowasiýa şäherçesine iş saparyny amala aşyrdylar. Lemgo innowasiýa şäherçesi özboluşly tehnologiýa we bilim şäherçesi bolup durýar. Bu innowasion merkezde bilim-ylmy barlaglar-işewürlik zynjyry boýunça hyzmatdaşlyk ösdürilip, Lemgo innowasiýa şäherçesi sebitiň ykdysady ösüşiniň durnukly pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýar. Tanyşlygyň çäklerinde mugallymlar bu ýerde ýerleşýän “SmartFactoryOWL” atly senagat 4.0 barlaghanasyna aýlanyp gördüler hem-de bu ýerde alnyp barylýan ylmy barlaglar bilen tanyşdylar. 2025-nji ýylyň 20-nji martynda bolsa professor-mugallymlar Bilefeld şäherinde ýerleşýän galyndysyz önümçilik ýörelgesi esasynda işleýän kärhanalaryň işi bilen tanyşdylar. Umuman, Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «CirculEC» taslamasynyň çäklerinde Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bilefeld şäherinde iş sapary netijeliligi we täsirliligi bilen tapawutlandy hem-de geljekde bu ugurda okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmekde ähmiýetli çärä öwrüldi.

Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309