Ispaniýa Patyşalygy

51

Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS + maksatnamasynyň «Gaýtadan işlemek tapgyrly ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw maksatnamalaryny we modullaryny işläp taýýarlamak» (CirculEC) atly taslamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň mart aýynyň 24-27-si aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Santýago de Kompostela Uniwersitetinde Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuwlar gurnaldy. Geçirilen  okuwlara Türkmen döwlet maliýe institutynyň Maliýe kafedrasynyň uly mugallymy Şöhrat Bäşimow we Buhgalterçilik hasaba alnyşy kafedrasynyň uly mugallymy Meýlis Allamyradow gatnaşdylar. Seminaryň maksady sirkulýar ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň ýörelgelerini göz öňünde tutup, bakalawr we magistr, şeýle hem goşmaça bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. 

Seminaryň birinji gününde açylyş dabarasy boldy. Açylyç dabarasynda Santýago de Kompostela uniwersitetiniň Sanly özgerişler we innowasiýalar boýunça rektorynyň orunbasary, professor Gumersindo Feýho hem-de Talyplar we halkara gatnaşyklar boýunça fakultetiniň dekanynyň orunbasary Adrian Dios giriş sözleri bilen çykyş etdiler.

Seminaryň meýilnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar TEIMAS kompaniýanyň wekilleri bolan Önüm boýunça menejer Estrella Moreý we Amallar boýunça menejer Daniel Sid bilen duşuşyklar geçirildi. TEIMAS kompaniýasy sirkulýar ykdysadyýet, galyndylary dolandyrmak we durnukly ösüş üçin programma üpjünçiligini döretmekde Ispaniýada öňdebaryjy kompaniýa bolup durýar. Öz çykyşlarynyň dowamynda bu kompaniýanyň wekilleri önümçiligiň işi we iri kompaniýalara we guramalara galyndylary netijeli dolandyrmaga, kadalaşdyryjy düzgünleri üpjün etmäge we durnukly tejribäni öňe sürmäge mümkinçilik berýän Zero we Teixo ýaly öz programma önümleri barada gürrüň berdiler.  

Şeýle hem diňleýjileriň önünde Santýago de Kompostela uniwersitetiniň professorlary Javier Wenze "Sirkulýar ykdysadyýetiň esaslary", Şugeý Lopez "Sirkulýar ykdysadyýetiň strategiýalary we syýasatlary", Angeles Pereýra "Sirkulýar we Durnukly işewürlik modelleri", Adolfo Karballo we Nailýa Saýfulina "Sirkulýar we durnukly telekeçilik" hem-de Alberto Turnes "Sirkulýar ykdysadyýetde telekeçilik" atly temalar bilen çykyş etdiler. 

Seminaryň soňky gününde deiňleýjiler ARROUPA kompaniýanyň baş menejeri Isabella Fraga bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda Isabella Fraga diňleýjileri ARROUPA kompaniýanyň işi we kompaniýanyň dokma önümlerini gaýtadan işlemek pudagynda işi bilen üpjünçilik meselesi boýunça alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. 

ERASMUS + maksatnamasynyň «Gaýtadan işlemek tapgyrly ykdysadyýet we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw maksatnamalaryny we modullaryny işläp taýýarlamak» (CirculEC) atly taslamasynyň çäklerinde Santýago de Kompostela Uniwersitetinde Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin guralan okuwlar üstünlikli tamamlandy we bu okuwlara gatnaşan ähli wekillere degişli şahadatnamalar hem berildi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň “CirculEC” taslamasyna gatnaşmagy okuw meýilnamalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, talyplaryň arasynda dowamly hünär endikleriniň döremegine we Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen akademiki gatnaşyklaryň berkemegine ýardam berýär.





Paýlaş

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309